FIFA ýylyň iň gowy oýunçysy adyna dalaşgärleri mälim etdi

  • 16.12.2023 23:13
  • 15k+

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) ýylyň iň gowy oýunçysy baýragyna dalaşgär üç oýunçynyň adyny yglan etdi. Bu barada guramanyň resmi web sahypasynda habar berilýär.

Finalçylaryň hatarynda norwegiýaly Erling Holand, fransuz Kilian Mbappe we argentinaly Lionel Messi bar.
2023-nji ýylda Messi «Pari Sen-Žermen» toparynyň düzüminde Fransiýanyň çempiony boldy, Amerikanyň «Inter Maýami» toparynda Ligalaryň kubogyny aldy we 43 kubok gazanan «Barselonadaky» öňki topardaşy Dani Alwesden öňe geçip, taryhda iň köp baýrak alan futbolçy boldy. Oktýabr aýynda bolsa Messi «Altyn pökgi» baýragynyň sekizinji gezek ýeňijisi boldy. Holand «Mançester Siti» topary bilen bilelikde Angliýanyň çempiony, ýurduň Kubogynyň eýesi we Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy. Mbappe «PSŽ-niň» düzüminde Fransiýanyň «Ligue 1» çempionatynda ýeňiji boldy.
Ýeňijiniň ady 15-nji ýanwarda Londonda geçiriljek dabarada yglan ediler. Geçen möwsümde bu baýragy Messi alypdy.


düýn 10:24
4.3k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

düýn 08:15
3.4k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

05.06.2026 15:52
8.6k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
5.4k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......