Nowak Jokowiç 2023-nji ýylda ITF-niň dünýä çempiony diýlip ykrar edildi

  • 15.12.2023 15:45
  • 4.1k+

“Uly tuwulga” ýaryşlarynyň 24 gezek ýeňijisi, dünýäniň birinji raketkasy, serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç 2023-nji ýylda ITF-niň dünýä çempiony diýlip ykrar edildi. Jokowiç bu ada karýerasynda sekizinji gezek eýe boldy – bu erkekleriň arasynda rekorddyr diýip, championat.com habar berýär.

Ýatlap geçsek, geçen möwsümde Jokowiç “Uly tuwulganyň” dört ýaryşynyň üçüsinde ýeňiş gazandy – Awstraliýanyň Açyk çempionatynda, “Rolan Garrosda” we US Open-de hem Jemleýji ýaryşda. Nowak möwsümi dünýäniň birinji raketkasy hökmünde tamamlady. Şeýle-de, Jokowiç “Wimbledonyň” finalyna çykdy we bu ýerde dünýäniň ikinji raketkasy Karlos Alkarasdan utuldy.
Ýeri gelende bellesek, Jokowiç dünýä reýtinginiň başynda 400 hepde belliginden geçen ilkinji adam boldy. Zenan tennisinde hemmeden uzak wagtlap birinji raketka germaniýaly Şteffi Graf boldy – 377 hepde. Erkekleriň arasynda Nowakdan öň rekord eýesi şweýsariýaly Rojer Federerdi (310 hepde).


18.06.2026 10:24
1.1k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

08.06.2026 12:41
2.1k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.6k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.4k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......