iPhone 16 smarfonunyň dizaýny mälim boldy

  • 15.12.2023 14:12
  • 20k+

Täze «Apple» smartfonynda dikligine ýerleşdirilen kamera bolar. Bu barada lenta.ru MacRumors neşirine salgylanyp habar berýär.

Žurnalistler «iPhone 16» smartfonunyň irki prototiplerini aldylar. Bellenilmegine görä, «Apple» häzirki wagtda enjamyň aýratynlyklary boýunça tapawutlanýan iki prototipini synagdan geçirýär. Iň ähtimal nusgada yzky kameralar dik blokda ýerleşdirilendir. Hünärmenleriň pikiriçe, bu prototip 2017-nji ýylda çykan «iPhone X» smartfonuny ýada salýar.
Şeýle hem smartfonyň «iPhone 12-niň» dizaýnynda boljak görnüşi barlag edilýär – iki kamera obýektiwi häzirki modellerdäki ýaly diagonal şekilde däl-de, biri-biriniň üstünde ýerleşýär. Dizaýn baradaky bar bolan maglumatlara görä, telefonda «iPhone 15 Pro» we «15 Pro Max-daky» ýaly «Hereketler» düwmesi hem bolar.
Şol bir wagtyň özünde, täze smartfon «iPhone 15-den» känbir tapawutlanmaz. 2024-nji ýylyň güýzünde tanyşdyrylmagy meýilleşdirilen enjam 6.1 dýuýmlyk OLED ekran, «Dynamic Island» ekrany kesimi we USB-C porty bilen üpjün ediler.


şu gün 15:52
699

«Köpüň biri» serialy Apple TV-de iň meşhur serial boldy

Täze «Köpüň biri» serialy (Pluribus) Apple TV striming platformasynda iň meşhur serial boldy. Taslama tomaşa sany boýunça platformanyň «Bölünişik», «Ted Lasso» we «Säher şüweleňi» ýaly meşhur taslamalaryndan öňe geçdi...

15.12.2025 14:52
1.1k+

ChatGPT App Store-da iň köp ýüklenen mugt programmalaryň sanawynda birinji boldy

Apple 2025-nji ýylda App Store-da iň köp ýüklenen mugt programmalaryň reýtingini hödürledi. Sanawda birinji orny OpenAI-iň ChatGPT çat-boty eýeledi. Hyzmat sekuntda 30 müňden gowrak habary gaýtadan işleýär. Uly ýaşly ulanyjylaryň köpüsi adaty gözleg ulgamlarynyň deregine çat-boty maglumat gözlemek üçin işjeň ulanýar...

15.12.2025 08:41
1.4k+

"Çeýe" smartfon bazary ilkinji eplenýän iPhone çykandan soň 30%-lik ösüş görkezer

IDC portalynyň analitikleriniň çaklamasyna görä, eplenýän smartfonlar bazary geljek ýyl girdeji hasabynda ep-esli ösüşi — dessine 30%-i görkezer. Bu segmentiň esasy hereketlendirijileri ilkinji eplenýän Apple iPhone-nyň we ýaňy-ýakynda hödürlenen "Samsung Galaxy Z TriFold" modeliniň çykmagy bolar...

11.12.2025 18:33
2.6k+

Google we Apple Android bilen iOS-yň arasynda geçişi bilelikde ýönekeýleşdirer

Google we Apple tehnologiýa kompaniýalary Android bilen iOS operasion ulgamlarynyň arasynda geçmek prosesini ýönekeýleşdirmegiň üstünde işleýär. Kompaniýalar enjamlaryň we hyzmatlaryň biri-biri bilen gabat gelijiligini ýokarlandyryp, smartfon çalşylanda maglumatlaryň aňsat geçirilmegini üpjün eder...