Iki günlük XI Türkmen-german lukmançylyk forumy öz işine başlady

  • 15.12.2023 08:13
  • 6.2k+

14-nji dekabrda Türkmenistanyň Saglygy soraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan sanly ulgam arkaly guralýan iki günlük XI Türkmen-german lukmançylyk forumy öz işine başlady.

Duşuşykda dürli keselleriň öňüni almak, olary irki döwürlerde anyklamak we bejermek, gaýragoýulmasyz kömek, onkologiýa, trawmatologiýa, ortopediýa ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bellenilişi ýaly, bu forum geçen ýyllaryň dowamynda häzirki zaman lukmançylygynyň birnäçe esasy ugurlarynda türkmen-german hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine, milli saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, öňdebaryjy tehnologiýalary, enjamlary ornaşdyrmak, ylmy işgärleri we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamaga ýardam berýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen GFR-iň Federal saglygy goraýyş ministrliginiň arasynda saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Maksimilian Lýudwig adyndaky Mýunhen uniwersitetiniň Grosshadern klinikasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk üstünlikli durmuşa geçirilýär.
German hünärmenleri Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyndaky ýeten sepgitlerine ýokary baha berdiler. Löpugurly “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň yzygiderli amala aşyrylmagy bilen, bu ulgam dünýä standartlarynyň derejesine çykaryldy. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, “Il saglygy — ýurt baýlygy” diýen syýasy şygary ugur edinip, ýurdumyzda milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek, pudagyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşlerini giňeltmek we hilini ýokarlandyrmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek boýunça maksada gönükdirilen çäreler durmuşa geçirilýär. Iň täze enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap ylmy-kliniki merkezler, bejeriş-öňüni alyş edaralary gurlup ulanmaga berilýär. Şol merkezlerdäki häzirki zaman enjamlarynyň aglabasynyň GFR-de öndürilendigi bellenilmäge mynasypdyr.
German professorlary köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegi we giňeltmegi maksat edinýändiklerini tassyklap, türkmen kärdeşleri bilen tejribelerini, täze ylmy işläp taýýarlamalaryny paýlaşmaga taýýardyklaryny beýan etdiler.


15.06.2026 12:32
5.6k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.6k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......