Mask Tehasda tehniki uniwersiteti açar

  • 15.12.2023 07:50
  • 6.9k+

Amerikaly milliarder Ilon Mask ABŞ-nyň Tehas ştatynyň Ostin şäherinde tehniki uniwersitet açmagy meýilleşdirýär.

Report agentliginiň bellemegine görä, bu barada Maskyň The Foundation haýyr-sahawat guramasynyň salgyt deklarasiýasyna salgylanyp, Bloomberg agentligi habar berýär.

“Pandemiýa döwründe Tehasa göçüp gelen Ilon Mask Ostinde uniwersitet açmagy meýilleşdirýär” – diýip, agentlik ýazýar.

Bellenilişi ýaly, Maskyň, takmynan, 100 mln dollar maýa goýan bilim toplumy tehniki derslere gönükdirilen başlangyç we orta mekdepleri öz içine alar. Açylyşdan soň bilim işini ýokary derejeli bilime ýöriteleşýän uniwersiteti döretmäge çenli giňeltmek meýilleşdirilýär.
Mekdebiň we uniwersitetiň çen bilen açyljak senesi yglan edilmedi, ýöne toplumyň açylyşy üçin arza 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda tabşyryldy we 2023-nji ýylyň mart aýynda tassyklandy. 


düýn 19:53
1.9k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

10.06.2026 16:26
6.1k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......