FIFA 2023-nji ýylyň iň gowy tälimçisi üçin baýraga dalaşgärleri yglan etdi

  • 15.12.2023 07:42
  • 9.6k+

Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) 2023-nji ýylyň iň gowy tälimçisi üçin baýraga dalaşgärleriň atlaryny yglan etdi. Sanawa Hosep Gwardiola (“Mançester Siti”), Simone Indzagi (“Inter”) we Luçano Spalletti (“Napoli”, Italiýanyň milli ýygyndysy) girdi diýip, championat.com habar berýär.

Ýatlap geçsek, Gwardiola geçen möwsümde “Mançester Sitini” birbada üç ýaryşda – Çempionlar ligasynda, Angliýanyň Premýer-ligasynda we Angliýanyň Kubogynda ýeňşe getirdi. Indzagi “Inter” bilen Italiýanyň Kubogynda ýeňiş gazandy we Milanyň toparyny Çempionlar ligasynyň finalyna çykardy. Spalletti, öz gezeginde, “Napolä” 33 ýylda ilkinji skudettony gazanmaga kömek etdi. Şondan soň 64 ýaşly hünärmen Italiýanyň milli ýygyndysyna ýolbaşçy boldy, onuň bilen Ýewro-2024-üň final bölegine çykdy.
Nominasiýanyň ýeňijisi 15-nji ýanwarda, duşenbe güni geçiriljek The Best baýrak gowşurylyş dabarasynda yglan ediler. Geçen ýyl Argentinanyň milli ýygyndysynyň halypasy Lionel Skaloni ýylyň tälimçisi boldy. Ol topary 2022-nji ýylyň dünýä çempionatynda ýeňşe getiripdi.


düýn 20:28
8.4k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

düýn 14:48
10k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.3k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

19.06.2026 14:17
7.1k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....