Apple enjamlaryňy özbaşdak abatlamak maksatnamasyny giňeltdi

  • 14.12.2023 16:49
  • 4.8k+

Apple kompaniýasy Ýewropada we ABŞ-da enjamyňy özbaşdak abatlamak programmasynyň giňeldilendigini habar berdi. Indi iPhone 15 seriýaly ähli modelleriň we Apple M2 çipleri bolan Mac kompýuterleriniň, şol sanda 14 we 16 dýuýmlyk MacBook Pro-nyň, 15 dýuýmlyk MacBook Air-niň, Mac mini-niň, Mac Pro-nyň we Mac Studio-nyň ulanyjylary enjamlaryny özleri bejerip bilerler.

Şeýle hem, Apple özbaşdak abatlaýyş işleriniň häzirki wagtda Horwatiýa, Daniýa, Gresiýa, Niderlandlar, Portugaliýa we Şweýsariýa ýaly, ýene 24 sany Ýewropa ýurtlarynda ulanyjylar üçin elýeterlidigini mälim etdi. Şunuň bilen birlikde Self Service Repair häzirki wagtda 33 ýurtda we 24 dilde Apple-iň 35 sany önümini öz içine alýar.
Mundan başga-da, iPhone-y we Mac-y özbaşdak diagnostika etmek üçin Apple Diagnostics hyzmaty ABŞ-da elýeterli boldy we 2024-nji ýylda Ýewropada satuwa çykarylar. Ozal Apple Diagnostics-e diňe ygtyýarly hyzmat merkezleri girip bilýärdi.


10.03.2026 08:10
3.6k+

Apple 15 sany enjamynyň önümçiligini ýatyrýar

Apple kompaniýasy geçen hepde 10 sany täze enjamyny tanyşdyrmak bilen bir hatarda, ozal öndürilýän 15 sany önüminiň çykarylmagyny bes edýändigini-de yglan etdi. Täzelikleriň arasynda iPhone 17e smartfony, M4 prosessorly...

05.03.2026 06:56
1.4k+

Apple iň elýeterli MacBook-yny hödürledi: onuň bahasy 600 dollardan başlanýar

4-nji martda Apple kompaniýasy özüniň iň elýeterli noutbugy bolan MacBook Neo-ny tanyşdyrdy. Modeliň bahasy 599 dollardan başlanýar. Bilim ulgamyndaky alyjylar üçin bolsa arzanladyşly baha — 499 dollar bellenildi...

03.03.2026 06:09
11k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasyny iPhone-nyň we Xiaomi-niň kameralary bilen deňeşdirdiler

Internetde Samsung kompaniýasynyň täze flagman smartfony bolan Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezýän deňeşdirme suratlary peýda bolup başlady. Hususan-da, bir meňzeş sahnanyň birbada birnäçe enjamda, ýagny Samsung Galaxy S26 Ultra, Xiaomi 17 Ultra, Samsung Galaxy S25 Ultra, iPhone 17 Pro Max, Vivo X300 Pro we Oppo Find X9 Pro smartfonlarynda düşürilen suratlary çap edildi...

02.03.2026 10:55
5.5k+

Gijäň bir mahaly gelýän jaň iPhone ulanyjylaryny gorkuzdy: Apple-iň maslahaty

iPhone-da gaty geň, hatda, jady-tilsime meňzeş bökdençlikler peýda boldy. Hytaýdaky ulanyjylar telefonlarynyň gijelerine, takmynan sagat 02:00 töwereklerinde öz-özünden jaň edip başlaýandygyny habar berdiler. Enjamyň eýeleriniň biri jaň sesinden we: «Jaň eden abonentiňiz wagtlaýynça elýeterli däl» diýen sesli habardan oýanandygyny gürrüň berdi...