Huawei dünýädäki iň inçe we iň ýeňil planşeti hödürledi

  • 14.12.2023 15:37
  • 6.1k+

Huawei kompaniýasy özboluşly FreeClip nauşniklerini hödürlemek bilen bir hatarda MatePad Pro 13.2 planşetini dünýä bazaryna çykardy. Bu barada ixbt.com habar berýär.

Ýatladyp geçsek, bu planşet sentýabr aýynda hödürlendi. Onuň aýratynlygy, gurluşyň dünýädäki iň inçe we iň ýeňil uly planşet hökmünde belli bolmagydyr. 13,2 dýuým diagonally ekran bilen onuň agramy bary-ýogy 580 g barabar, korpusyň galyňlygy bolsa 5,5 mm.
Planşet Mate 60 hatarynda gurnalan SoC Kirin 9000S çipsetine esaslanýar. Mundan başga-da, planşet 2880 x 1920 piksel durulykly we 144 Gs täzelenme ýygylykly OLED displeýi, 10 100 mAs sygymly akkumulýator, 88 Wt zarýad beriş, 12 ýa-da 16 GB operatiw ýat we 1 Tb çenli ýygnaýjy bilen üpjün edildi. Hytaýda enjamyň bahasy 710 dollardan başlaýar, Ýewropada gurluş 1000 ýewro durýar.


15.02.2026 09:14
3.1k+

26-njy fewralda Madridde Huawei Mate 80 Pro-nyň dünýä tanyşdyrylyşy geçiriler

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi bolan Huawei täze "Mate 80 Pro" seriýasynyň halkara bazaryndaky tanyşdyrylyşynyň 2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda boljakdygyny tassyklady. Resmi çäre Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäherinde geçiriler...

16.01.2026 08:10
3.9k+

Xiaomi 17 Pro we Pro Max modelleriniň aktiwleşdirilen sany bir milliondan geçdi

Xiaomi-niň täze flagmanlary bolan Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlarynyň her biriniň aktiwleşdiriliş sany bir millionlyk sepgitden ýokary geçdi. Bu barada hytaýly meşhur insaýder "Digital Chat Station" habar berdi...

31.12.2025 08:10
3.6k+

Huawei Mate 80 Hytaýda uly meşhurlyga eýe boldy: 23 günde 1,2 milliondan gowrak smartfon satyldy

Huawei Mate 80 smartfonlar seriýasy Hytaýyň içerki bazarynda hakyky meşhurlyk gazandy. Bu seriýanyň umumy satuwy takmynan 1,235 million birlige ýetdi. Bu bolsa Huawei kompaniýasynyň satuwa başlan ilkinji 23 gününiň dowamynda ortaça günde 50 müňden gowrak smartfon satandygyny aňladýar...

29.12.2025 00:24
3.4k+

Huawei-iň HarmonyOS ulanyjylarynyň sany 27 milliona ýetdi

Huawei kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen HarmonyOS operasion ulgamynyň altynjy wersiýasy şu ýylyň oktýabr aýynda çykdy we eýýäm 27 milliondan gowrak ulanyjy toplady. Bu barada Hytaýyň tehnologiýa ägirdiniň statistikasyna salgylanýan South China Morning Post gazeti habar berýär...