Alymlar wideo oýun arkaly çagalaryň sanjymdan gorkmagynyň öňüni aldylar

  • 14.12.2023 15:09
  • 7.7k+

Pittsburg uniwersitetiniň we Waşington ştatynyň uniwersitetiniň alymlary ykjam wideo oýunlarynyň çagalara sanjym gorkusyny ýeňip geçmäge kömek edip biljekdigini anykladylar.

Maglumatlara görä, 4-6 ýaş aralygyndaky çagalaryň takmynan 19%-i şprislerden we sanjymlardan gorkýarlar. Bu gorkyny ýeňip geçmek maksady bilen, alymlar ykjam enjamlar üçin niýetlenen «Dr.Zoo» atly 3D başdan geçirme oýnuny döretdiler. Onda oýunçy weterinar hökmünde dürli haýwanlary gözlemeli we olara sanjym etmeli hem-de beýleki wezipeleri ýerine ýetirmeli.
Synaga 3-6 ýaş aralygyndaky 36 çaga gatnaşdy. Olaryň hemmesi sanjymdan gorkýardylar. Meýilleşdirilen sanjymdan iki hepde öň, ýaş gatnaşyjylardan «Dr.Zoo» oýnuny oýnamak we dört tapgyryň hemmesini tamamlamak haýyş edildi.
Her oýun gününden soň, ene-atalar Çagalaryň gorky şkalasy arkaly çagalarynyň gorky derejesine baha berdiler. Sajymlardan soň alymlar oýnuň täsiri barada pikirleri we ony mundan beýläk-de ösdürmek baradaky teklipleri almak üçin ene-atalar bilen 10-30 minutlyk söhbetdeşlik geçirdiler.
Netijede, synaga gatnaşandan soň, 36 çaganyň 26-synyň ene-atasy çagasynyň geçmişdäki tejribeler bilen deňeşdirilende, sanjymdan gorkmagynyň ep-esli azalandygyny aýtdylar. Şeýle hem sanjym wagtynda çagalarda stresiň azalandygyny bellediler.


düýn 17:05
5.2k+

Gradusyň ähmiýeti bar: tomusda awtoulagyň kondisionerinde nähili howp gizlenýär

Tomusda, uzak wagtlap yssyda bolnandan soň, awtoulagyň salonynyň birden sowadylmagy sürüjiniň we ýolagçylaryň saglygyna ýaramaz täsir edip biler. Hünärmenler gyzgyn awtoulaga girenden soň, kondisioneri derrew......

05.06.2026 00:08
8.1k+

Atlantik ummanynda sargassum suwotylarynyň güllemegi hemişelik we üýtgewsiz hadysa öwrüldi

Günbatar Afrikadan Karib deňzine çenli takmynan 8000 kilometre uzalyp gidýän sargassum suwotylarynyň uly Atlantik guşagy ummanyň hemişelik ekoulgamyna öwrüldi. Howanyň üýtgemegi boýunça Ýewropa-Ortaýer deňzi......

04.06.2026 18:42
5.3k+

Haýnan şäherinde äpet tüweleý şekilindäki Ylym muzeýi açyldy

Hytaýyň Haýnan adasyndaky Haýkou şäherinde 46 528 inedördül metrlik medeni we bilim merkezi bolan Haýnan Ylym muzeýiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Uýuan derýasynyň Milli suwluk-batgalyk seýilgähiniň gyrasynda......

03.06.2026 19:11
3.3k+

Barlag: Çalşykly iş beýni sebitleriniň ikisiniň göwrümini kiçeldýär

Gijeki iş we üýtgeýän iş tertibi köpden bäri beden üçin çynlakaý kyn synag hökmünde ykrar edilip gelinýär. Sirkada ritminiň bozulmalary, dowamly ukusyzlyk, stress we ýürek-damar keselleriniň töwekgelçiliginiň......