Haýsy ýurtlarda iň gowy şokoladlar öndürilýär

  • 14.12.2023 09:24
  • 20k+

Dünýäde şokolad önümçiligi we üpjünçiligi bilen ýurtlaryň ençemesi meşgullanýar. Ýöne şu aşakda, ferra.ru saýtynyň pikiri boýunça, bu ugurda iň öňdebaryjy on ýurt görkezilýär:

ABŞ. Bu ýerde iň meşhur brendler Hershey, Mars ýaly brendler bolup, ähli şokoladlar ýokary hilli çig maldan öndürilýär.
Germaniýa. Bu Ýewropada iň uly şokolad öndürijileriň biridir. Hut şu ýerde Ritter Sport, Schogetten, Halloren ýaly brendleriň fabrikalary bar.
Belgiýa. Bu ýurt Neuhaus, Godiva, Leonidas ýaly markalaryň watany hasaplanýar. Ýurtda jemi 12 fabrika bolup, olar ýylda, takmynan, 170 müň tonna şokolad öndürýärler.
Fransiýa. Bu ýurduň  Michel Cluizel, Maison du Chocolat, Valrhona ýaly brendleri dünýäde meşhurlyk gazandy.
Şweýsariýa. Bu ýurtda Teuscher, Cailler, Lindt ýaly kompaniýalar şokolad öndürýär. Her ýyl Şweýsariýanyň ilaty 11,6 kg töweregi şokolad iýýär.
Italiýa. Bu ýerde Perugina, Ferrero Rocher, Venchi brendleriniň şokoladlary öndürilýär.
Ýaponiýa. Onda özboluşly tagamly şokoladlar öndürilýär. Iň meşhur ýapon brendleriniň biri-de Morinaga brendidir.
Russiýa. Bu ýurtda “Babaýewskiý”, “Alýonka” konsernleri şokolad öndürýär. Iň meşhur fabrika bolsa “Krasnyý Oktýabrdyr”.
Kanada. Bu ýurduň iň meşhur brendleriniň biri - Peace by Chocolate.
Beýik Britaniýa. Ol Cadbur ýaly brendi bilen bellidir.

şu gün 20:25
2k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

şu gün 20:19
2.7k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

şu gün 19:55
2.2k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

şu gün 16:49
1.3k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......