«Altyn globus – 2024» baýragyna dalaşgärler yglan edildi

  • 13.12.2023 19:52
  • 10k+

«Altyn globus – 2024» baýragyna dalaşgärler yglan edildi. Iň köp ugurda Greta Gerwigiň «Barbi» filmi hödürlendi (film dokuz baýrak kategoriýasynda dalaşgär görkezildi), Kristofer Nolanyň «Oppengeýmer» filmi sekiz ugur boýunça dalaşgärlige hödürlendi.

«Iň gowy film (drama)» kategoriýasynda «Oppengeýmer», «Gülli Aýyň ganhorlary», «Maestro», «Öňki durmuşlar», «Ýykylmagyň anatomiýasy» we «Gyzyklanma zolagy» ýaly filmler dalaşgär görkezildi. «Iň gowy film (komediýa ýa-da mýuzikl)» kategoriýasynda «Barbi», «Görgüli betbagtlar», «Amerikan eseri», «Galdyrylanlar», «Maý, dekabr», «Air: Uly böküş» filmleri ýeňiş ugrunda bäsleşerler.

«Drama filminde iň gowy aktýor» ugry boýunça Bredli Kuper («Maestro»), Killian Merfi («Oppengeýmer»), Leonardo Di Kaprio («Gülli Aýyň ganhorlary»), Kolman Domingo («Rastin»), Endrýu Skott bar («Biziň hemmämiz nätanyş») we Hoakuin Feniks («Napoleon») dalaşgärlige hödürlendiler.

Şol ugur boýunça aktrisalaryň arasynda Lili Gladston («Gülli Aýyň ganhorlary»), Keri Malligan («Maestro»), Sandra Hýuller («Ýykylmagyň anatomiýasy»), Keýli Speni («Prissilla»), Annett Bening («Daýana Naýed») we Greta Li («Öňki durmuşlar») ýeňiş ugrunda bäsleşerler.

Baýrak gowşurylyş dabarasy 2024-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda geçiriler.

düýn 17:04
1.9k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....