Gyrgyzystanda aýaz sebäpli mekdepler uzak aralykdan okuwa geçirildi

  • 13.12.2023 18:38
  • 24k+

Gyrgyzystandaky ähli mekdep okuwçylary 13-nji dekabrdan güýçli aýaz we epidemiologiki ýagdaýyň ýaramazlaşmagy sebäpli uzak aralykdan okap başlaýarlar. Ýerli HBS-e salgylanyp, Report agentliginiň habar bermegine görä, bu barada ýurduň Bilim we ylym ministrligi habar berdi.

Häzirlikçe aýry-aýry sebitlerde uzak aralykdan okuwyň näçe gün dowam etjekdigi belli däl.

Gyrgyzystanyň Gidrometeorologiýa gullugynyň maglumatlaryna görä, geçen agşam Bişkekde howanyň temperaturasy -22 dereje boldy, köp internet programmalary bolsa -29 derejä çenli görkezýärdi. 12-nji dekabrdan 14-nji dekabr aralygynda howa has sowuk bolar, käbir sebitlerde gijelerine howanyň temperaturasy -28 we hatda -36 derejä çenli peseler.


04.06.2026 00:36
3.6k+

Merkezi Aziýada ilkinji: Yssyk-kölde seýrek duş gelýän haýwanlary dikeldiş merkezi gurulýar

Yssyk-köl döwlet tebigy goraghanasynyň çäginde «Ak Ilbirs» ylmy-gözleg we dikeldiş merkeziniň gurluşyk işleri alnyp barylýar. Bu barada Gyrgyzystanyň Tebigy serişdeler, ekologiýa we tehniki gözegçilik......

05.04.2026 22:37
8.1k+

Gyrgyzystanyň daglarynda bir höwesjeň seýrek duş gelýän garaguşuň höwürtgesini tapdy

Günorta Gyrgyzystanyň daglarynda tebigaty söýüji bir adam seýrek duş gelýän guşuň - garaguşuň höwürtgesini tapdy....

02.02.2026 02:10
1.9k+

Täze «Turkic World» halkara portaly Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky çärelerini giňden şöhlelendirer

«Turkic World» atly halkara habarlar internet portaly Türkmenistanda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çäreleri ulgamlaýyn esasda maglumat taýdan şöhlelendirer...

01.06.2025 19:45
8.2k+

Türkmenistandan iki şahyr TÜRKSOÝ-nyň halkara bäsleşiginiň laureaty boldular

Türkmenistandan iki şahyr TÜRKSOÝ-nyň ýaş şahyrlaryň arasynda geçirilýän «Ýaşyl älem» atly bäsleşik-festiwalynyň laureaty bolup, Žolan Mamytow adyndaky halkara medal bilen sylaglandylar. 2025-nji ýylyň 28 – 30-nji maý aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Oş şäherinde Türki dünýäsiniň döwletleriniň ýaş şahyrlarynyň birinji festiwaly geçirildi...