Serhio Ramos Çempionlar ligasynyň rekordyny goýdy

  • 13.12.2023 18:32
  • 13k+

Ispaniýanyň “Sewilýasynyň” goragçysy Serhio Ramos Çempionlar ligasynyň taryhynda iň netijeli goragçy boldy. Bu barada gazeta.ru habar berýär.

Toparlaýyn tapgyryň jemleýji tapgyr oýnunda Ramos “Lans” fransuz toparynyň derwezesine gol geçirdi. Indi onuň hasabynda Ýewropanyň esasy futbol ýaryşynda 17 gol bar. Bu görkeziji boýunça ol 16 gol geçiren Žerar Pikeden we Roberto Karlosdan öňe geçdi.

“Sewilýa” “Lansdan” 1:2 hasabynda utuldy. Duşuşygyň 63-nji minutynda “Lansyň” oýunçysy Pşemyslaw Frankowski penaltiden hasaby açdy. 16 minutdan soň Serhio Ramos on bir metrlik urgudan hasaby deňledi, ýöne Anželo Fýulžini “Lansy” ýene öňe çykardy.

B toparçanyň ýaryş jedwelinde “Sewilýa” dördünji orny eýeledi we ýewrokubokdan çykdy. “Lans” toparlaýyn tapgyry üçünji orunda tamamlady. Indi topar Ýewropa ligasynda ýeňiş ugrunda göreşer. Londonyň “Arsenaly” birinji orundan, Niderlandlaryň PSW topary ikinji orundan Çempionlar ligasynyň pleý-offuna çykdy.

Ramos 2002-nji ýyldan 2005-nji ýyl aralygynda “Sewilýada” çykyş etdi. 2005-nji ýylda Madridiň “Realyna” geçdi we onda 2021-nji ýyla çenli oýnady. 2023-nji ýylda Ramos “Sewilýa” gaýdyp geldi.


düýn 21:03
747

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

15.06.2026 14:15
7.9k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

13.06.2026 12:21
2.9k+

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....

02.06.2026 17:37
5.2k+

Forbes: «Real» sport taryhyndaky iň köp girdeji gazanan klub boldy

Madridiň «Real» topary 2024/25-nji ýyl möwsüminiň jemleri boýunça 1,265 milliard dollar möçberinde girdeji gazanyp, sportuň ähli görnüşleriniň klublarynyň arasynda täze rekord goýdy....