Samsung Galaxy A15 LTE we Galaxy A15 5G hödürlendi

  • 13.12.2023 15:29
  • 16k+

Samsung Galaxy A seriýaly iki sany smartfon hödürledi. Bular Galaxy A15 we Galaxy A25 5G modelleridir diýip, öndürijiniň habarlar portalynda aýdylýar. Oňa bäş ýyllyk howpsuzlyk täzelenmesi wada berilýär. Galaxy A15 iki wersiýada hödürlenýär: LTE we 5G.

Enjamlaryň arasyndaky tapawut dürli prosessorlarda we torlarda bolýar. Şeýlelikde, Galaxy A15  MediaTek Helio G99 çipsetine esaslanýar we 4G torlaryny goldaýar, Galaxy A15 5G modeli 5G toruny goldaýar we Dimensity 6100+ prosessory bilen enjamlaşdyrylan we Galaxy A25 5G-de bolsa 8 ýadroly Exynos 1280 prosessor bar. Telefonlaryň galan parametrleri meňzeş.
Smartfonlar Full HD + (1080x2340 piksel), 90 Hz täzeleniş tizligi we 900 nit ýagtylygy bilen 6,5 dýuýmlyk Super AMOLED paneli bilen enjamlaşdyrylandyr. Samsung tarapyndan ekrany “täsirli ýokary çözgütli reňk köpeltmek, ekranyň ýagtylygyny ýokarlandyrmak we az güýç sarp edip, Gün şöhlesiniň serpikmesini azaltmak” bilen üpjün edýän AMOLED tehnologiýasy arkaly işlenip düzülendigi aýdylýar.
Smartfonlaryň öň tarapynda 13 megapikselli kamera, arka tarapynda 50 megapikselli esasy kamera, 5 megapikselli linza we 2 megapikselli ikinji sensor bar.
Galaxy A15 we A25 5G jübütleri 2023-nji ýylyň 16-njy dekabryndan Wýetnamda ýaşlaryň halaýan reňk görnüşlerinde satuwa çykarylar: sary, mawy, gök we gara.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...