Halkara gatnaşyklary institutynda «Diplomatik protokol» atly ýöriteleşdirilen okuw merkezi açylar

  • 12.12.2023 10:14
  • 9.1k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Diplomatik protokol” atly ýöriteleşdirilen okuw merkezini açmak hakynda Karara gol çekdi.

Resminama bilim babatda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, halkara gatnaşyklarda ýurdumyzyň bähbitlerine mynasyp wekilçilik edip biljek hünärmenleri we dünýä ülňülerine laýyklykda ýokary bilimli diplomatik işgärleri taýýarlamak maksady bilen kabul edildi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde, Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.


düýn 18:54
3.6k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.7k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......