Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň sebit býurosynyň direktoryny kabul etdi

  • 12.12.2023 10:08
  • 11k+

11-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada gelen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň dolandyryjysynyň orunbasary, Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça sebitleýin býurosynyň direktory hanym Iwana Žiwkowiçi kabul etdi.

Serdar Berdimuhamedow myhmany myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, şu gezekki saparyň netijeli boljakdygyna ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. BMG tarapyndan iki gezek ykrar edilen Bitarap döwlet bolmak bilen, Türkmenistan halkara giňişlikde işjeň syýasaty alyp barýar. Bu iri we abraýly gurama, onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen uzak ýyllaryň dowamynda netijeli gatnaşyklary ösdürýär.
Serdar Berdimuhamedow 2016-njy ýylyň oktýabr aýynda ýurdumyzyň howa boýunça Pariž ylalaşygyny işjeň goldandygyny ýatlatdy. Ýurdumyzyň öz üstüne alan borçnamalaryna laýyklykda, 2019-njy ýylyň sentýabr aýynda Howanyň üýtgemegi baradaky Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň täzelenen görnüşi kabul edildi. Ýaňy-ýakynda bolsa Dubaý şäherinde (BAE) geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynyň (COP28) çäklerinde Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygy yglan edildi. Bu işleriň ählisi biziň ýurdumyzyň tebigaty goramaga we onuň ajaýyplygyny köpeltmäge ygrarlydygyny, umumy abadançylygy üpjün etmek üçin ähli tagallalary etmäge taýýardygyny görkezýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we türkmen tarapynyň bu ugurda BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen alnyp barylýan taslamalary mundan beýläk-de goldajakdygyny tassyklady.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň arasynda saglygy goraýyş ulgamynda üstünlikli amala aşyrylýan taslamalara aýratyn üns berildi. Bellenilişi ýaly, Ösüş maksatnamasy ýurdumyzda ileri tutulýan milli sanly ulgamy ösdürmek boýunça işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, sanly ulgamda öňdebaryjy tejribeleri alyşmakda, ykdysadyýetiň täze, durnukly ýollaryny gözlemekde, döwlet hyzmatlaryny we döwlet gullukçylarynyň bilim derejelerini ýokarlandyrmakda hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň zerurdygy nygtaldy.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......