Türkmenistanyň daşary işler ministriniň iki sany orunbasary täzelendi

  • 11.12.2023 23:44
  • 37k+

11-nji dekabrda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisiniň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow diplomatik gullugyň işgärlerini wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselä seretdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow A.Haljanowy, başga işe geçmegi sebäpli, Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekili, Türkmenistanyň Şweýsariýa Konfederasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden boşatdy.
Döwlet Baştutany W.Hajiýewi daşary işler ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyp, ony Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekili hem-de Türkmenistanyň Şweýsariýa Konfederasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerine belledi.
A.Gurbanow Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesinden boşadylyp, ol daşary işler ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi.
Serdar Berdimuhamedow B.Mätiýewi, başga işe geçmegi sebäpli, daşary işler ministriniň orunbasary wezipesinden boşatdy.
Şonuň ýaly-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Döwlet protokoly we halkara gatnaşyklary bölüminiň müdiri S.Muhammetdurdyýew şol bir wagtda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi.
Türkmenistanyň Hindistandaky ilçisi Şalar Geldinazarow şol bir wagtda  Şri-Lanka Demokratik Sosial Respublikasyndaky ilçisi wezipesini ýerine ýetirer.


düýn 18:54
3.6k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.7k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......