Tim Kukdan günüňizi nädip başlamalydygy barada bir maslahat

  • 11.12.2023 13:56
  • 13k+

Apple-iň baş direktory we milliarder Tim Kuk gününi nädip başlaýandygyny we bu endikleriň onuň özüni duýuşyna we üstünligine nähili täsir edýändigini paýlaşdy.

Kuk her gün irden e-poçtasyny barlaýar we müşderileriň hem-de işgärleriň hatlaryny okaýar. Bu hakykatdanam möhüm zatlara ünsi jemlemäge kömek edýär. Soňra sport zalynda bir sagatlyk türgenleşik geçýär. Türgenleşik wagtynda hiç hili işe, telefon söhbetdeşligine ýa-da başga zatlara ünsüni sowmaýar.
Kuk edýän işleriňize maksadaokgunly çemeleşmegi maslahat berýär. Mysal üçin, saglygyňyza üns berýän bolsaňyz, ünsüňizi sowmazlyk üçin telefonyňyzy sumkaňyzda galdyrmaly. Sebäbi ertiriňizi nähili başlaýşyňyz günüň galan bölegine öz täsirini ýetirýär ahyry. Bu siziň ymtylýan islegiňizi we maksadyňyzy kesgitleýär.
Ol gününi kompaniýanyň önümleriniň müşderilere ýetirýän täsirini we önümleriň hasam gowulaşmagy üçin işgärleriň haýsy çözgütleri teklip edýändiklerini bilmek üçin e-poçtany okamakdan başlaýar. Kuk muny her bir lidere maslahat berýär we toparyňyz hem-de müşderileriňiz bilen aragatnaşyk saklamagyň bir usulydygyna ynanýar.


07.05.2026 21:13
2.9k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.2k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...