Ronaldu gatnaşan oýunlarynyň sany boýunça täze rekord goýdy

  • 10.12.2023 23:46
  • 15k+

Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparynyň portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldu karýerasyndaky ýokary derejedäki 1200-nji oýnuna gatnaşdy. Ýubileý oýny Saud Arabystanynyň çempionatynyň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde «Al-Riýad» toparyna garşy duşuşyk boldy.

«Al-Nasr» 4:1 hasabynda ýeňiş gazandy, Ronaldu bu oýunda bir pökgi geçirip, bir ýardam pasyny berdi. Halkara futbol taryhy we statistikasy federasiýasynyň (IFHHS) habaryna görä, Ronaldu bu derejä ýeten ilkinji meýdança oýunçysydyr. Şol bir wagtyň özünde, ol gatnaşan duşuşyklarynyň sany boýunça dünýä futbolynda üçünji oýunçy boldy. Diňe derwezebanlar Piter Şilton (1217 oýun) we Rožerio Seni (1225 oýun) karýeralarynda ondan has köp duşuşyga gatnaşdylar.
2023-nji ýylyň 2-nji ýanwarynda Ronaldu Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparynyň oýunçysy boldy we şertnama boýunça ýylda 200 million ýewro alýar.
Geçen möwsüm ol Saud Arabystanynyň çempionatynda 16 oýna gatnaşyp, 14 pökgi geçirdi we 2 ýardam pasyny berdi. 12-nji awgustda Ronaldu «Al-Nasryň» düzüminde ilkinji baýragyna – Arap çempionlarynyň kubogyna eýe boldy.


şu gün 16:18
5.5k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

düýn 19:10
6k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.6k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.9k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....