Özbegistan altyn satmakda dünýäde öňdebaryjy boldy

  • 10.12.2023 23:31
  • 23k+

Oktýabr aýynda Özbegistan dünýäniň iň iri altyn satyjylarynyň arasynda öňdeligi eýeledi diýip, Trend habar berýär.

Esasy satyn alyjy Hytaýyň Halk Banky (23 tonna), ondan soň Türkiýäniň Merkezi Banky (19 tonna) we Polşanyň Milli Banky (3 tonna) boldy.
Özbegistan gymmat bahaly metalyň iň iri satyjysy boldy - 11 tonna. Ondan soň 2 tonna altyny ýerlän Gazagystan gelýär.
Oktýabr aýynda dünýäde altyn satuwynda öňdebaryjydygyna garamazdan, Özbegistan altyn ätiýaçlyklaryny 339 tonna çenli azaltdy. Oktýabr aýynda Özbegistandan 1,23 milliard dollarlyk altyn eksport edildi we 10 aýyň içinde bolsa eksport rekord 6,87 milliard dollara ýetdi, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2,3 esse ýokary. Ýanwar-oktýabr aýlarynda Özbegistanyň Merkezi Banky 0,7 million troy unsiýa satdy, bu bolsa 21,7 tonna altyndyr .


18.06.2026 22:09
1.8k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

09.06.2026 12:11
14k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

20.04.2026 20:30
4.7k+

Raşid Meredow Antalýada birnäçe döwletleriň daşary işler ministrleri bilen duşuşyklary geçirdi

18-nji aprelde Antalýa şäherinde geçirilen Bäşinji Antalýa diplomatik forumynyň (ADF-2026) çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow birnäçe döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň......

21.03.2026 08:25
5.5k+

Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

20-nji martda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada TDH döwlet habarlar agentligi habar berýär...