“Barbi” we “Akwamen” iň gowy wizual effektler üçin “Oskar” ugrunda bäsleşer

  • 09.12.2023 11:37
  • 6.9k+

Amerikan kinoakademiýasy “Iň gowy wizual effektler” kategoriýasynda “Oskar” baýragy ugrunda bäsleşjek 20 filmden ybarat gysga sanawy hödürledi. Bu barada gazeta.ru habar berýär.

Dalaşgärlerden üçüsi Marvel Studios-a (“Garynja adam we Ary: Kwantomaniýa”, “Galaktikanyň sakçylary. Bölüm 3”, “Kapitan Marwel 2”), ýene şonçasy Warner Bros.-a degişli – “Akwamen we ýitirilen şalyk”, “Barbi” we “Wonka”.
Walt Disney Pictures kompaniýasyndan gysga sanawa “Indiana Jons we Ykbal çarhy” hem-de “Dörediji” filmleri girdi.
Şeýle-de, kategoriýada Paramount Pictures-den üç film görkezilýär – “Ýerzemin we aždarhalar: Ogrularyň arasynda hormat” (Dungeons & Dragons: Honor Among Thieves), “Missiýany ýerine ýetirmek mümkin däl: Ölüm howply ar alyş. Birinji bölüm” (Mission: Impossible – Dead Reckoning Part One), “Transformerler: Haýwan robotlaryň aýaga galmagy” (Transformers: Rise of the Beasts). Sanawda Netflix kompaniýasyndan “Daýana Naýed”, “Pitneçi Aý: Oduň çagalary” (Rebel Moon: A Child of Fire) we “Gar jemgyýeti” bar.
Mundan başga-da, gysga sanawa “Gaýykdaky ýigitler” (The Boys in the Boat), “Godzilla: Minus bir”,  “Napoleon”, “Möý adam: Älem kerebi”, “Garyplar-bagtsyzlar” we “Gül Aýynyň ganhorlary” (Killers of the Flower Moon) girdi.
Indiki ses berişlik 14-nji dekabrda başlar, jemleýji  sanaw 23-nji ýanwarda belli bolar. “Oskar” baýragynyň 96-njy gowşurylyş dabarasy 10-njy martda geçiriler.

düýn 17:04
1.9k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....