19 ýaşly tennisçi ýylyň iň köp girdeji gazanan zenan türgeni boldy

  • 09.12.2023 11:34
  • 9.2k+

Amerikaly tennisçi Kori Gauff “Sportico” amerikan sport media kompaniýasynyň wersiýasyna görä, 2023-nji ýylyň iň köp girdeji gazanan zenan türgenleriniň sanawynda birinji orny eýeledi. Bu barada kompaniýanyň resmi saýtyna salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär.

19 ýaşly Gauff 22,7 mln dollar ýyllyk girdeji bilen sanawda ilkinji gezek birinji orny eýeleýär. Şu ýyl türgen kortda 6,7 mln dollar gazandy, ýene 16 mln dollar mahabat şertnamalaryndan geldi. 2023-nji ýylda Gauff ABŞ-nyň Açyk çempionatynda ýeňiji boldy.
21,9 mln dollar girdeji bilen ikinji orny dünýäniň birinji raketkasy polşaly Iga Swýontek eýeledi, üçlügi amerika-hytaýly fristaýlçy Eýlin Gu ($20 mln) jemledi. Şeýle-de, onluga Emma Radukanu (tennis, $16 mln), Naomi Osaka (tennis, $15 mln), Arina Sobolenko (tennis, $12,2 mln), Ýelena Rybakina (tennis, $9,5 mln), Jessika Pegula (tennis, $9 mln), Simona Baýlz (gimnastika, $8,5 mln) we Nelli Korda (golf, $7,9 mln) girdi.


18.06.2026 10:24
1.1k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

08.06.2026 12:41
2.1k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.6k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.4k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......