Bloomberg: ýazda Apple köp täze zatlary hödürlär

  • 08.12.2023 18:23
  • 3.8k+

Apple kompaniýasynyň indiki tanyşdyrylyşy ýazda bolar. Häzirlikçe, kompaniýanyň täze önümleri nähili hödürlejekdigi – tanyşdyrylyş dabarasynyň çäre ýa-da ýönekeý metbugat relizi boljakdygy belli däl. Muňa garamazdan, eýýäm Mark Gurman ýene üç aýdan nämelere garaşyp boljakdygyny aýtdy. Muny wylsa.com ýetirýär.

Täze iPad Pro OLED ekranlaryna geçer. Şeýle-de, kompaniýa bu ýere M3 prosessoryny goşar we Magic Keyboard bilen Apple Pencil-i üçünji nesle çenli täzelär. Gurmanyň aýtmagyna görä, olar mart aýynyň ahyrynda – aprel aýynyň başynda boljak iPadOS 17.4-üň relizi bilen birlikde satuwa çykarylar.
Ýazda birbada iki iPad Air – häzirki modeliň mirasdüşeri we planşetiň diagonaly 12,9 dýuým displeýli uly görnüşi hödürlener. Bu planşetleriň M2 almagyna garaşylýar.
Ýazda iki ölçegdäki MacBook Air täzelener. Esasy täzelik Apple M3 çibine esaslanýan täze ulgam bolar.
Vision Pro-nyň relizi meýilnama boýunça alnyp barylýar: kompaniýa garniturany ýylyň başynda satuwa çykarar. Şeýle-de, ýylyň dowamynda tonometrli Apple Watch çykar, iPad mini täzelener hem-de ikinji we üçünji nesil AirPods-yň täzelenen modelleri çykar. Olar Lightning-iň deregine Type-C alar.


düýn 16:33
1.9k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.1k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.1k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...

27.02.2026 19:22
1.3k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...