Stokgolmda Nobel dabarasynyň hepdeligi başlandy

  • 08.12.2023 12:29
  • 3.9k+

Stokgolmda Nobel dabarasynyň hepdeligi başlandy. Bu barada TASS habar berýär. Däp bolşy ýaly, ol baýragyň laureatlarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň Gadymy şäherdäki Nobel muzeýine baryp görmegi bilen başlandy. Bu ýerde baýragyň eýeleri haýsydyr bir şahsy predmeti kolleksiýa berýärler we bistrodaky oturgyçda öz gollaryny goýýarlar.

Häzirlikçe Stokgolma şu ýylyň 10 laureatyndan 9-ysy geldi, edebiýat ugrundan baýragyň eýesi Ýun Fosse anna güni geler.
Nobel hepdeliginiň dowamynda myhmanlar üçin köp sanly çäreler, şol sanda metbugat maslahatlary we olaryň gatnaşmagynda leksiýalar garaşýar. Olar mekdeplere baryp görerler we Nobel Week Lights festiwalyna gatnaşarlar. 8-nji dekabrda Nobel konserti, 9-njy dekabrda “Nobel hepdeliginiň dialogy” atly ylmy maslahat geçiriler. 10-njy dekabrda bolsa paýtagt filarmoniýasynda Nobel baýragynyň gowşurylyş dabarasy bolar.
Stokgolma gelen laureatlaryň her biriniň öz resmi wekiliýetine 14-e çenli adamy goşmaga hukugy bar. Baýragyň eýeleriniň we olaryň ýanýoldaşlarynyň ýol we ýaşaýyş çykdajylaryny Nobel gaznasy öz üstüne alýar, galan myhmanlaryň çykdajylaryny laureatlar töleýär. Hormatly myhmanlar şäheriň merkezinde, şa köşgüniň garşysyndaky “Grand-otelde” ýaşaýarlar.


28.01.2026 09:50
2.2k+

Nobel baýragynyň eýesi Kadzuo Isiguronyň «Klara we Güneş» romany ekrana geçirilýär

Režissýor Taýka Waýtiti özüniň «Klara we Güneş» («Клара и Солнце») atly ylmy-fantastiki dramasynyň ýakyn wagtda ekranlara çykjakdygyny mälim etdi. Bu film Nobel baýragynyň eýesi Kadzuo Isiguronyň adybir romany esasynda surata düşürildi...

20.01.2026 10:59
2.5k+

Stokgolmda Nobel merkezi gurlar

Stokgolmda Nobel merkeziniň gurluşygy meýilleşdirilýär. Taslama Germaniýanyň David Chipperfield Architects binagärlik studiýasy tarapyndan Şwesiýanyň Sweco Architects kompaniýasy bilen bilelikde işlenip taýýarlandy...

09.10.2025 18:33
2.6k+

Edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesi wengriýaly ýazyjy Laslo Krasnahorkai boldy

Nobel komiteti 2025-nji ýylyň edebiýat boýunça baýragynyň eýesini yglan etdi. Baýragy “apokaliptik elhençligiň möwjän döwründe sungatyň güýjüni tassyklaýan täsirli we öňdengörüjilikli döredijiligi üçin” wengriýaly ýazyjy Laslo Krasnahorkai aldy...

04.02.2025 19:55
4.6k+

2025-nji ýylyň Nobel baýragynyň eýeleriniň yglan ediljek senesi aýdyldy

2025-nji ýylyň Nobel baýraklarynyň laureatlarynyň atlary 6 – 13-nji oktýabrda Stokgolmda we Osloda yglan ediler. Bu barada Nobel gaznasynyň metbugat relizinde habar berilýär. Karolinska institutynyň ýanyndaky Nobel...