Will Smit «Men – rowaýat» filminiň 2-nji bölüminiň üstünde işlenilýändigini aýtdy

  • 07.12.2023 16:23
  • 11k+

Amerikaly aktýor we režissýor Will Smit «Men – rowaýat» filminiň ikinji bölüminiň üstünde işlenilýändigini barada aýtdy.

Aktýor filmiň ikinji bölüminde surata düşjek kärdeşi aktýor Maýkl B. Jordan bilen telefon arkaly habarlaşmagy meýilleşdirýändigini, şeýle hem ýakynda «Men – rowaýat 2» filminiň ssenariýesini alandygyny aýtdy. «Ssenariý ýaňy geldi... Men gaty köp maglumat berýärin öýdýärin...» diýip belledi we taslamanyň beýleki aýratynlyklaryny paýlaşmakdan saklandy.
Smit taslamanyň asyl nusgasynda baş gahryman Robert Newilliň filmiň ahyrynda ölendigine garamazdan, filmiň baş gahrymanynyň diri galýan başga bir DVD nusgasynyň bardygyny hem sözüniň üstüne goşdy. Şol nusganyň esasynda hem filmiň dowamy surata düşüriler.
Şu ýylyň başynda baş keşpleri aktýorlar Will Smitiň we Maýkl B. Jordanyň ýerine ýetirmeklerinde «Men – rowaýat» atly postapokaliptik söweşli trilleriň dowam filminiň hem alternatiw jemlemesiniň bardygy mälim edildi.
«Men – rowaýat» filmi 2007-nji ýylda çykdy. Şol döwürde film 150 million dollar býujet bilen dünýäde 585 million dollardan gowrak girdeji gazandy. Onuň režissýory «Açlyk oýunlary» film franşizasy bilen tanalýan Frensis Lourensdir.

düýn 17:04
1.9k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....