Bvlgari kompaniýasy sagatlarynyň äheňinde spidometri bolan sport ulagyny görkezdi

  • 07.12.2023 16:17
  • 9.7k+

«Bvlgari» kompaniýasy ýaryşly wideo oýnunda peýda boljak «Aluminum Vision Gran Turismo» konsept awtoulagyny tanyşdyrdy. Bu barada italýan sagat brendiniň metbugat gullugy habar berdi.

Kompaniýanyň wekilleriniň bellemeklerine, awtoulag döredilende dizaýnerler 1998-nji ýyldaky «Bvlgari Aluminum» sagadyndan ylham alypdyrlar. Awtoulagyň üstünde ulaglaryň dizaýnyna ýöriteleşen «Pininfarina» kompaniýasynyň dizaýn boýunça ozalky direktory Fabio Filippini işläpdir.
Rodster görnüşli ulag hoz agajy bilen örtülen sport ruly, şeýle hem dolandyryş panelinde hronograf görnüşli spidometr bilen üpjün edildi. Ulagyň tehniki aýratynlyklary mälim edilmedi. «Bvlgari Aluminum» awtoulagy 2024-nji ýylda «Gran Turismo 7» wideo oýunynda peýda bolar.
Konsept awtoulag «Gran Turismo» oýunlar seriýasy üçin awtoulag kompaniýalary tarapyndan geljegiň konsept awtoulaglarynyň taslamasyny döretmäge niýetlenen «Vision Gran Turismo» maksatnamasynyň çäklerinde döredildi. Bu maksatnama «Ferrari», «BMW», «Lamborghini», «Porsche», «McLaren», «Bugatti» we beýleki öndürijiler hem gatnaşypdylar.

düýn 17:04
1.9k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....