The Time 2023-nji ýylyň iň gowy wideo oýunlarynyň sanawyny düzdi

  • 07.12.2023 15:55
  • 3.8k+

The Time žurnaly 2023-nji ýylyň iň oňat wideo oýunlarynyň onusyny görkezdi.

Reýtingiň awtorlary Alan Wake II-ni ýylyň iň gowy oýny diýip atlandyrdylar. Bu oýun üçünji şahsyň survival-horror (iňl. elhençlikde aman galmak) žanryna degişli.
Onda ýarag we elçyrany ulanyp, duşmanlara garşy göreşip bolýar we iki oýunçynyň - Ueýkiň we Andersonyň duran ornundan dürli ýerleri öwrenip bilersiňiz.
Ikinji orunda Baldur’s Gate 3 durýar. Bu Belgiýanyň Larian Studios kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen we neşir edilen kompýuterde keşplere girip oýnalýan oýun. Baldur’s Gate 3 Baldur’s Gate seriýasynyň dowamy, ondaky wakalar hyýaly Forgotten Realms äleminde bolup geçýär.
Şeýle hem ilkinji onluga Nintendo Switch The Legend of Zelda: Tears of the Kingdom, Resident Evil 4, Dead Space, Super Mario Bros. Wonder, Star Wars Jedi: Survivor, Diablo IV we Dredge girdi.

şu gün 20:25
2k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

şu gün 20:19
2.7k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

şu gün 19:55
2.2k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

şu gün 16:49
1.3k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......