Xiaomi geýmerler üçin uly we arzan telewizor çykardy

  • 07.12.2023 14:52
  • 6.4k+

«Xiaomi» kompaniýasynyň golçur kärhanasy «Redmi» uly diagonaly we 120 Hz matrisasy bolan täze arzan «Redmi A75 2024» telewizorynyň satylyp başlanandygyny habar berdi.

«Redmi A75 2024» telewizory 4K durulykgy we 120 Hz şekil täzeleniş tizligi bolan 75 dýuýmlyk panel bilen enjamlaşdyrylandyr, bu bolsa şekiliň ýokary takyklygyny üpjün edýär. Şeýle aýratynlyklar telewizory oýun enjamy hökmünde ulanmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem «Delta E» reňki şöhlelendirmek takyklygynyň 2-den pesdigi bellenilýär.
Enjamyň öndürijiligine «Arm Cortex-A35» ýadrosy bolan prosessor, şeýle hem 2 GB operatiw ýat we 32 GB goşmaça ýat jogap berýär. Telewizor iki zolakly Wi-Fi goldaýar we hersiniň kuwwaty 10 Wt bolan iki dinamik bilen enjamlaşdyrylandyr. Şeýle hem telewizorda HDMI, USB we Ethernet ýaly birnäçe port göz öňünde tutulandyr.
«Redmi A75 2024-iň» Hytaýdaky bahasy 2999 ýuana (419 dollar) deňdir, bu bolsa ony öz ugrunda meňzeş aýratynlyklary bolan enjamlaryň arasynda iň amatly telewizorlaryň birine öwürýär. Enjam 30-njy noýabrda satuwa çykaryldy.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...