«Realyň» oýunçysy Winisius Žunior BMG-niň Adam hukuklary boýunça ilçisi boldy

  • 07.12.2023 14:35
  • 7.6k+

«Real Madridiň» braziliýaly futbolçysy Winisius Žunior BMG-niň Adam hukuklary boýunça ilçisi bolandygyny aýtdy.

«Meniň üçin bu ýyl sportda we jemgyýetde ýüze çykýan ters düşünjäni ýok etmek üçin entek uzak ýoluň geçilmelidigini aç-açan ýatlatdy. Meniň pikirimçe, jynsparazlyga garşy bilim bütin dünýäde deňligi we adam hukuklaryny ilerletmek ugrundaky tagallalarymyzyň merkezinde bolmalydyr. Şonuň üçin men BMG-niň Adam hukuklary boýunça ilçisi hökmünde täze wezipämi yglan edýändigime diýseň begenýärin. Bu wezipäni buýsanç, tolgunmak we jogapkärçilik bilen ýerine ýetirerin. Geliň, sporty jynsparazlykdan we hukuklary kemsitmekden azat, hakyky dostlugyň nusgasyna öwüreliň. Bir ýere jemlenmek üçin pursat geldi» diýip, Winisius «X» sosial ulgamynda ýazgyny paýlaşdy.

Winisius 23 ýaşynda. Ol 2018-nji ýylda Braziliýanyň «Flamengo» toparyndan «Real Madride» geçdi. Toparyň düzüminde Winisius Ispaniýanyň iki gezek çempiony, ýurduň Kubogyň eýesi, Ispaniýanyň Super kubogynyň iki gezek eýesi, Çempionlar ligasynyň, UEFA-nyň Super kubogynyň we klublaryň arasyndaky dünýä çempionatynyň ýeňijisi boldy.


şu gün 16:18
4.2k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

düýn 19:10
5.9k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.6k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.9k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....