Forbes dünýäniň iň abraýly zenanlarynyň reýtingini hödürledi

  • 07.12.2023 14:18
  • 6.1k+

“Forbes” žurnaly dünýäniň iň abraýly bäş zenany atlandyrdy. Reýtingde birinji orny Ýewrokomissiýanyň başlygy Ursula fon der Lýaýen eýeledi diýip, TASS habar berýär.

Ikinji orunda Ýewropanyň Merkezi bankynyň başlygy Kristin Lagard, üçünji orunda ABŞ-nyň wise-prezidenti Kamala Harris ýerleşdi. Italiýanyň premýer-ministri Meloni dördünji boldy, bäşligi amerikaly aýdymçy Teýlor Swift jemledi.
Reýting düzülende “baýlyk, HBS-e täsir, jemgyýetçilik pikirine we syýasata täsir” ýaly görkezijiler göz öňünde tutuldy.
Öň, “Financial Times” britan gazeti ýylyň iň görnükli 25 zenanynyň sanawyny hödürläpdi. Sanawa, hususan-da, Margo Robbi, Beýonse we Ursula fon der Lýaýen girdi.


19.03.2026 13:52
8.1k+

Forbes iň baý 5 türgeniň adyny belli etdi: arasyna täze biri goşuldy

Forbes žurnaly baýlygy 1 milliard dollardan köp bolan bäş sany öňki we häzirki türgenleriň sanawyny düzdi. Sanawdaky iňlis dilli meşhur türgenler — Maýkl Jordon, Mejik Jonson, Taýger Wuds we Lebron Jeýmsiň hataryna ýene bir baý kişi – şweýsariýaly tennisçi Rojer Federer hem goşuldy...

17.03.2026 15:49
3.9k+

Adam Sendler birinji: Forbes iň köp hak tölenýän aktýorlaryň adyny mälim etdi

Forbes žurnaly dünýäniň iň ýokary hak alýan aktýorlarynyň her ýylky reýtingini çap etdi. 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça birinji orny 59 ýaşly Adam Sendler eýeledi. Onuň girdejisi 48 million dollara deň boldy...

12.03.2026 16:43
4.8k+

Stiwen Spilberg ýene-de dünýäniň iň baý meşhur şahsyýeti boldy

Amerikaly režissýor Stiwen Spilberg yzygider ikinji ýyl «Forbes» žurnaly tarapyndan düzülýän dünýäniň iň baý meşhur şahsyýetleriniň sanawynda birinji orny eýeledi. Onuň baýlygy 7,1 milliard dollar bilen bahalandyrylýar...

11.03.2026 20:11
10k+

Forbes dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny täzeledi: baýlar baýamagyny dowam etdirýär

«Forbes» neşiri dünýäniň iň baý adamlarynyň ýyllyk sanawyny hödürledi. Täzelenen reýtingde birinji orny yzygider ikinji ýyl telekeçi Ilon Mask eýeledi. «Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň esaslandyryjysy hem-de «X» sosial ulgamynyň eýesi bolan Maskyň kapitaly 839 milliard dollara ýetdi...