Apple iPhone SE we beýleki birnäçe meşhur gajetleri bejermegi bes edýär

  • 07.12.2023 14:16
  • 3.7k+

Apple kompaniýasy asyl iPhone SE-ni hem-de beýleki birnäçe gajeti wintaž we könelişen gurluşlaryň sanawyna goşdy. Bu barada Apple Insider portalyna salgylanyp, gazeta.ru habar berýär.

Wintaž gurluşy statusy bäş ýyldan gowrak wagt ozal önümçilikden aýrylan gurluşlara berilýär. Ilkinji iPhone SE resmi satyn alyş üçin 2018-nji ýylyň sentýabr aýyna çenli elýeterli bolupdy. Bu smartfon 2016-njy ýylyň ýazynda hödürlendi we ol belli bir döwürde meşhur boldy.
Şeýle-de, Apple wintaž önümleriň hataryna şulary goşdy: ikinji nesliň 12,9 dýuýmlyk iPad Pro-sy hem-de Beats Solo3 Wireless simsiz nauşnikleriniň Mikki Mausyň 90 ýyllygy mynasybetli hödürlenen ýörite nusgasy.
Mundan başga-da, Powerbeats 2 we Solo2 Wireless nauşnikleri resmi taýdan könelişen diýlip ykrar edildi, sebäbi olaryň satuwy ýedi ýyldan gowrak wagt ozal bes edildi. Wintaž gurluşy statusy şeýle gurluşlary Apple-iň ygtyýarly hyzmat merkezlerinde ätiýaçlyk şaýlarynyň ýokdugy sebäpli abatlamagyň mümkin däldigini aňladýar.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...