Dünýäde iň köp satylan smartfonlar belli boldy

  • 07.12.2023 14:30
  • 13k+

Counterpoint Research analitik agentligi 2023-nji ýylyň üçünji çärýeginde dünýä bazarynda smartfon satuwy baradaky statistikany hödürledi. Satylan gurluşlaryň sany boýunça lider iPhone 14 boldy diýip, Revegnus insaýderi X sosial ulgamyndaky sahypasynda habar berýär. Muny gazeta.ru ýetirýär.

iPhone 14 smartfonynyň 2022-nji ýylyň güýzünde satuwa çykarylandygyna garamazdan, smartfon eýýäm yzygider üçünji çärýek bazaryň lideri ornuny saklamagy dowam etdirýär. Şol bir wagtyň özünde, iPhone 14 Pro Max we Pro, degişlilikde, ikinji we üçünji orunlary eýeleýär. Esasy iPhone 13 modeli üçünji orunda ýerleşdi. Iň köp isleg bildirilen Android gurluşy arzan Samsung Galaxy A14 4G boldy, ol umumy sanawda bäşinji orny eýeledi.
Reýtingiň indiki orunlaryny Samsung Galaxy A14 5G, Galaxy A54 we Galaxy 04e paýlaşdy. Dokuzynjy orunda Redmi 12C, onlugy bolsa Galaxy A34 jemleýär.
Analitikleriň maglumatlaryna görä, bu on model hasabat döwründe dünýäde smartfon satuwynyň umumy göwrüminiň 19%-ini emele getirdi.


16.05.2026 11:20
4k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

12.05.2026 14:43
7.8k+

Dua Lipa öz suratynyň TW gutularynda ulanylandygy üçin Samsung-dan $15 mln talap etdi

Aýdymçy Dua Lipa Samsung kompaniýasynyň üstünden kazyýete şikaýat edip, öz suratynyň rugsatsyz telewizor gutularynda ulanylandygy üçin azyndan 15 million dollar möçberinde öwez tölegini talap etdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....