Time žurnaly «ýylyň adamsyny» yglan etdi

  • 06.12.2023 19:53
  • 14k+

«Time» žurnaly aýdymçy Teýlor Swifti «ýylyň adamsy” diýip yglan etdi. Ol bu reýtingde RF-iň prezidenti Wladimir Putinden, HHR-iň prezidenti Si Szinpinden we Barbiden öňe geçdi diýip, RIA Nowosti habar berýär.

Birnäçe Gremmi baýragynyň eýesi bolan aýdymçy “ajaýyp ýyly başdan geçirdi” diýip, reýtingiň guramaçylary belleýär. Swift häzirki wagtda eýýäm zenan ýerine ýetiriji üçin iň girdejili gastrol syýahatyna öwrülen “Eras tour” global syýahatyny alyp barýar. Oktýabr aýynda ekrana çykan adybir film taryhda iň girdejili konsert filmi boldy. Maglumatlara görä, Teýloryň özi aýdymynyň üsti bilen milliard dollardan gowrak girdeji gazanan taryhda ilkinji aýdymçy boldy.
Teýlor “Time” žurnalynyň reýtinginde ilkinji gezek birinji orny eýeledi, ýöne onuň bu žurnalyň daş ýüzünde peýda bolmagy ilkinji gezek däldir. 2017-nji ýylda aýdymçy onda zenanlara garşy zorluklar bilen göreşijileriň umumy keşbinde görkezildi.

şu gün 20:25
2k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

şu gün 20:19
2.7k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

şu gün 19:55
2.2k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

şu gün 16:49
1.3k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......