15-nji dekabrda Samsung Galaxy book 4 noutbuklarynyň täze tapgyry görkeziler

  • 06.12.2023 19:42
  • 4.2k+

Intel kompaniýasy 14-nji dekabrda Meteor Lake seriýaly prosessorlary hödürlär. Samsung hem öz gezeginde 15-nji dekabrda “Samsung Galaxy Book 4” noutbuklarynyň täze setirini görkezmekçi. Bu setir emeli aň üçin enjam goldawly dünýäde ilkinji noutbuk bolar.

Meteor Lake prosessorlary emeli aň bilen baglanyşykly birnäçe gaýtadan işlemek meselelerini çözmäge mümkinçilik berýän integrirlenen NPU Intel neýron prosessorlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Täze noutbuklarda, bulut hyzmatlaryna ýüz tutmazdan, täzeden işlemegiň köp meselelerini gönüden-göni enjamyň özünde  ýerine ýetirip bolar.
Şeýlelik bilen, gaýtadan işlemek meseleleri internete girmän hem çözülip bilner. Noutbuklaryň täze setiri Intel Core Ultra prosessorlarynda gurlar.


23.03.2026 00:03
4.9k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...

21.02.2026 10:19
2.8k+

Samsung alty aýlyk arakesmeden soň Galaxy S25 we beýleki modellerde Google Play-i täzeledi

Samsung Galaxy enjamlarynyň ulanyjylary 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Google Play ulgamynyň täze täzelenmelerini alyp başladylar. Bu täzelenme köp sanly enjamlar, şol sanda flagman Galaxy S25 modeli üçin 2025-nji ýylyň iýulyndan bäri ilkinji wajyp düzediş boldy...

12.02.2026 17:41
5.7k+

Galaxy S26: Haçan çykýar we Samsung-yň täze flagmanlary barada nämeler belli?

​Samsung Hindistanda täze Galaxy S26 seriýasynyň smartfonlary üçin öňünden sargytlary kabul edip başlady. Maksatnama 24-nji fewrala çenli dowam eder, resmi tanyşdyrylyş dabarasy bolsa 25-nji fewralda San-Fransiskoda (Kaliforniýa, ABŞ) geçiriljek Galaxy Unpacked çäresiniň çäklerinde bolar...