Londonda Pirelli ýubileý senenamasy görkezildi

  • 06.12.2023 19:35
  • 6.8k+

Londonda 2024-nji ýylyň Pirelli senenamasy resmi taýdan görkezildi. Ony afrikaly suratçy Şazada Gaýazi surata düşürdi. Täze neşiriň mowzugy «Wagtdan üzňe» düşünjesi boldy.

Senenama, awtoryň pikiriçe, durmuşda öz yzyny galdyran we ykbalyna geljekki nesillere ylham bermek paýy düşen adamlara bagyşlanýar. Bularyň arasynda amerikaly aktrisa Anžela Bassett, ýazyjy zenan Margot Li Şetterli, şahyr zenan Amanda Gorman, ganaly häzirki zaman suratkeşi Amoako Boafo, model Naomi Kempbell, aktýor, režissýor, dijeý we prodýuser Idris Elba, aktrisa Tiwa Sewij, ýazyjy, režissýor we prodýuser Jeýms Semýuel, öňki futbolçy Marsel Desaýi, aýdymçy, suratkeş we aktrisa Teýana Teýlor bar.

Şazada Gaýazi Pirelli senenamasynyň 39-njy awtory we olaryň arasynda iň ýaşlaryndan biri boldy. Suratlary açyk reňklere we ýiti gapma-garşylyklara baý. Senenamanyň özi şu ýyl goşa ýubileýini belleýär: ilkinji neşiriň çap edilenine 60 ýyl dolýar we tutuş taryhynda 50-nji neşir (senenama birnäçe ýyllap çap edilmedi).

Öňki, 49-njy Pirelli senenamasy awstraliýaly suratçy Emma Sammerton tarapyndan düşürildi.


21.05.2026 19:24
3.9k+

Baýýo halysy Londonda taryhda ilkinji gezek ýazgyn ýagdaýda görkeziler

Britan muzeýi meşhur Orta asyr eseri bolan Baýýo gobelenini taryhda ilkinji gezek doly ýazgyn görnüşde sergä çykarar. «The Bayeux Tapestry Experience» diýlip atlandyrylan bu täsin sergi şu ýylyň 10-njy......

21.05.2026 07:29
1.1k+

Halkara "Buker" baýragy Ýaň Şuan-szynyň "Taýwan ýol ýazgylary" romanyna berildi

Zenan ýazyjy Ýaň Şuan-szynyň "Taýwan ýol ýazgylary" (Taiwan Travelogue) romany 2026-njy ýylyň Halkara Buker baýragyna mynasyp boldy. Sylaglamak dabarasy 19-njy maýda Londonyň Tate Modern muzeýinde geçirildi....

13.05.2026 19:49
1.6k+

The Beatles toparynyň üçeginde soňky konsertini beren jaýy muzeý bolar

Londonyň Sewil-Rou köçesiniň 3-nji jaýynda The Beatles muzeýi açylar. Hut şu binada toparyň ştab-kwartirasy we «Let It Be» albomynyň ýazgy edilen studiýasy ýerleşipdi, binanyň üçeginde bolsa toparyň iň soňky......

10.05.2026 20:34
6.7k+

Beýik Britaniýada aldap gurçuk çykarmak boýunça festiwal geçirildi

Angliýanyň günogartyndaky Blekaton obasynda her ýyl geçirilýän Halkara «gurçuk çagyryjylaryň» festiwaly boldy. Gatnaşyjylar çäkli wagtyň içinde ýeri gazmazdan, iň köp mukdardaky gurçugy ýeriň üstüne çykarmak......