iPhone 15 iň öndürijilikli iOS gurluşlarynyň ilkinji bäşligine girip bilmedi

  • 06.12.2023 17:15
  • 2.2k+

AnTuTu bençmarky Apple-iň iň öndürijilikli ykjam gurluşlarynyň täze aýlyk reýtingini hödürledi. Noýabr aýynyň jemi boýunça liderleriň üçlügini iPad Pro-nyň dürli wersiýalary eýelemegi dowam etdirýär. Şol bir wagtyň özünde täze iPhone 15 hatarynyň smartfonlary-da öndürijilik taýdan, haýran ediji bolmasa-da, erbet netije görkezmeýär. Şeýlelikde, iPhone 15 Pro bu reýtingde altynjy orny eýeledi we häzirki wagtda Apple smartfonlarynyň arasynda iň öndürijilikli smartfondyr, ýedinji orunda iPhone 15 Pro Max ýerleşýär.

Olaryň yzyndan geçen ýylky iPhone 14 Pro we iPhone 14 Pro Max gelýär, ilkinji onlugy iPhone 15 Plus jemleýär. Esasy wersiýa iPhone 15 bolsa 11-nji orny eýeledi.
Maglumatlar 2023-nji ýylyň 1-nji noýabryndan 30-njy noýabry aralygynda ýygnaldy. Reýtingde iň ýokary netijeleriň däl-de, ortaça netijeleriň görkezilýändigini bellemek gerek. Şeýle-de, her bir model üçin azyndan 1000 synagyň netijesi ulanyldy.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...