OnePlus täze flagmanyny hödürledi

  • 06.12.2023 16:38
  • 3.9k+

OnePlus kompaniýasy Hytaýda OnePlus 12 flagman smartfonynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi. Bu barada Gizmochina neşirine salgylanyp, gazeta.ru habar berýär.

OnePlus 12 smartfonynyň OnePlus 11-den käbir tapawudy bar. Mysal üçin, täze smartfon ortasynda metal çarçuwaly aýnadan sendwiç gurluşa, şeýle-de IP65 ülňüsi boýunça çyglylykdan we tozandan goraga eýe boldy.
Gurluş LPDDR5x operatiw ýat we UFC 4.0 saklaýjysy bilen sazlaşykda Qualcomm Snapdragon 8 Gen 3 çipseti bilen enjamlaşdyryldy. Ol meýdany 9 140 mmbolan bug kamerasy görnüşinde sowadyş ulgamy bilen üpjün edildi.
Telefon BOE-den 6,82 dýuým OLED displeýine eýe boldy. Paneliň durulygy 3168 x 1440 piksel (QHD+), dykyzlygy 510 PPI we täzeleniş ýygylygy 1-den 120 Gs çenli.
Täze smartfon OnePlus Open ýaly kameralar toplumyna eýe boldy. Ýagny, 50 Mp Sony LYT-808 esasy datçigi, 64 MP OmniVision OV64B sensory hem-de 48 MP Sony IMX581 ultra giň burçly moduly aldy. Öň tarapynda 32 MP selfi-kamera bar.
Akkumulýatoryň sygymy 5400 mAs. Smartfon 100 Wt çenli simli zarýad berşi we 50 Wt çenli simsiz zarýad berşi göterýär.
OnePlus 12 satyn almak üçin eýýäm Hytaýda 4,3 müň ýuan baha bilen elýeterlidir.

şu gün 20:25
2k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

şu gün 20:19
2.7k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

şu gün 19:55
2.2k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

şu gün 16:49
1.3k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......