Сердар Бердымухамедов принял исполнительного директора Делового совета «Туркменистан-США»

  • 06.12.2023 07:53
  • 4.7k+

5-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly häsiýeti bellenildi. Şunda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň uzak möhletleýin esasda köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklary tassyklanyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde işewürlik geňeşiniň saldamly goşandyna üns çekildi.
Nygtalyşy ýaly, döredileninden bäri geçen 15 ýylyň dowamynda işewürlik geňeşi türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň möhüm guralyna, iki ýurduň ykdysady subýektleriniň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak, pugtalandyrmak, işjeňleşdirmek üçin netijeli meýdança öwrüldi. Onuň düzümine girýän ABŞ-nyň iri kompaniýalary türkmen bazarynda strategik taýdan ähmiýetli ulgamlarda üstünlikli işleýärler. Amerikan işewür toparlarynyň köp sanly wekilleri Türkmenistan bilen gatnaşyklara uly gyzyklanma bildirýärler.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylmagy we milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýalaşdyrylmagy bilen bir hatarda, baý tebigy serişdeleriň bolmagy, döwletimiziň çäk taýdan amatly ýerleşmegi, şeýle hem “Açyk gapylar” ýörelgesine esaslanýan daşary syýasy ugruň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri şertlendirýär. Nebitgaz pudagy, elektrik energetikasy, gaýtadan dikeldilýän energetika, ulag-kommunikasiýalar, obasenagat toplumy, ýokary tehnologiýalar ulgamy we beýlekiler hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarydyr.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar türkmen-amerikan ykdysady hyzmatdaşlygynyň köpýyllyk oňyn tejribä daýanyp, uzak möhletlilik, özara bähbitlilik esasynda mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.


20.06.2026 11:41
3.6k+

Туркменистан и Малайзия закрепили договоренности соглашениями

По итогам переговоров в узком и расширенном составах президент Туркменистана Сердар Бердымухамедов и премьер-министр Малайзии Анвар Ибрахим подписали совместное заявление, подтверждающее приверженность......

20.06.2026 11:35
3.5k+

Прошли переговоры между президентом Туркменистана и премьер-министром Малайзии

19 июня в Ашхабаде состоялись двусторонние переговоры между президентом Туркменистана Сердаром Бердымухамедовым и премьер-министром Малайзии Анваром Ибрахимом, прибывшим накануне с официальным визитом. Об этом......

19.06.2026 19:47
1.1k+

Белый дом и Anthropic работают над механизмом контроля рисков ИИ

Белый дом и компания Anthropic работают над созданием системы оценки уязвимостей в новых моделях искусственного интеллекта, которая позволит определять уровень рисков и при необходимости принимать меры......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Посол Туркменистана в Малайзии назначен также послом в Брунее

Президент Туркменистана Сердар Бердымухамедов подписал указ о назначении посла Туркменистана в Малайзии Мухамметнияза Машалова одновременно чрезвычайным и полномочным послом Туркменистана в Государстве......