Dünýäde akylly sagatlaryň bazary üçünji çärýekde 9% ýokarlandy

  • 05.12.2023 21:29
  • 3.9k+

Akylly sagatlaryň global bazary 2023-nji ýylyň III çärýeginde geçen ýyl bilen deňeşdirilende 9% ösüş görkezdi. Bu barada Counterpoint Research gözleg firmasynyň Global Smartwatch Model Tracker gözleginde habar berilýär. Akylly sagatlaryň üpjünçiligi II çärýekde ýokarlanyp başlady we bu tendensiýa şu ýylyň III çärýeginde saklandy. Ösüşe hytaý bazaryndaky ýokary görkezijiler, şeýle-de hindi bazarynda Fire-Boltt kompaniýasynyň ösüşi itergi berdi. Hytaýyň bazarynda Huawei öňdebaryjylygy saklaýar.

Şol bir wagtyň özünde Apple hem geçen ýyl bilen deňeşdirilende akylly sagatlaryň üpjünçiligini 7% ýokarlandyryp, III çärýekde gowy netijeleri görkezdi. Ikinji nesliň Apple Watch SE modeliniň durnukly üpjünçiligi onuň ösüşine uly goşant goşdy.
Huawei çärýek üçin umumy üpjünçiligiň 56% ösüşini görkezdi, şol bir wagtyň özünde akylly sagatlaryň HLOS modelleri 122% ösüş görkezdi. Huawei-niň 2023-nji ýylyň II çärýeginde çykan Watch 4 we 4 Pro, şeýle-de III çärýekde çykarylan Watch GT 4 seriýasynyň sagatlary uly meşhurlyga eýedir.
Samsung akylly sagatlaryň üpjünçiliginiň ýyllyk hasabynda 19% azalmagy bilen ýüzbe-ýüz boldy. Ýöne awgust aýynda çykan täze modeller özünden öňküler bilen deňeşdirilende bary-ýogy 3% pese gaçyşy görkezdi. Kompaniýanyň üpjünçiliginiň azalmagy köne modellere bolan islegiň has pese gaçmagy bilen baglanyşyklydyr.
Fire-Boltt çärýek üpjünçiliginiň rekord möçberine ýetip, Hindistanda akylly sagatlaryň bazarynda öňdebaryjy orna gaýdyp geldi. Şeýle-de bolsa, Hindistanda iň uly akylly sagat brendiniň üçüsinde-de ösüş depgininiň peselendigi hasaba alyndy: Fire-Boltt, Noise we boAt.

düýn 21:59
986

Dünýäniň wideooýun bazary ilkinji gezek 200 mlrd dollardan geçdi

Dünýäniň wideooýun bazary 2025-nji ýylyň jemleri boýunça taryhda ilkinji gezek 200 milliard dollar çäginden geçdi....

20.06.2026 10:45
3.4k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

20.06.2026 09:49
2.1k+

Bosch Huawei-ä enjam üpjünçiligi üçin ABŞ-na 36 million dollar jerime töleýär

Germaniýanyň Robert Bosch kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetleri bilen dawa-jenjelleri çözmek boýunça ylalaşyk baglaşdy. Ylalaşyga laýyklykda, kompaniýa 36 million dollar möçberinde jerime tölemäge borçlandy....

19.06.2026 14:20
2.9k+

Tim Kuk Apple önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy

Apple kompaniýasynyň baş direktory Tim Kuk ýat we saklaýjy çipleriň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli kompaniýanyň önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy....