«2023-nji ýylyň toý suratçysy» bäsleşiginiň netijesi belli boldy (Fotosuratlar)

  • 05.12.2023 12:44
  • 25k+

2023-nji ýylda “Ýylyň toý suratçysy” halkara bäsleşigi ýedinji gezek geçirildi. Şu ýyl çärä dünýäniň dürli künjeginden 300-den gowrak adam gatnaşdy we olar 11 kategoriýada 1700-den gowrak surat hödürlediler.

Birinji orny bagtly toý jübüdiniň suraty üçin Kanadadan Taru Lilli eýeledi. Bu suratyň aýratynlygy, ýeňiji suraty redaktirlemek üçin Photoshop ýaly grafiki redaktorlardan peýdalanmandyr, gelniň kellesindäki guş düşürilen surata tehnologiýalaryň kömegi bilen berkidilen däl-de, janlydyr.
Ýagny, suratda toý edýän Mikaela bilen Fitç Kanadadaky Uistler daglarynda dur. Mitçiň kasam aýdýan wagty Mikaelanyň kellesine bir guşjagaz gonýar we ony hatda gyzyň gülküsi-de gorkuzmaýar.
Alty emin agzasynyň biriniň we 2022-nji ýylda bäsleşigiň ýeňijisiniň aýtmagyna görä, suratçy tötänleýin duşuşygy örän gowy surata düşüripdir: “Ol gyz şadyýan, şähdiňi göteriji we seredeniňde ýylgyrmaga mejbur edýär. Arassa filtrlenmedik emosiýalar bar, garaşylmadyk wakadan geň galma bar”.
Tara Lilli baýrak hökmünde üç müň ABŞ dollaryny we bäsleşigiň hemaýatkärlerinden ýörite baýraklary alar.
Ikinji orny ýaşlaryň örän ajaýyp suraty bilen italiýaly suratçy Karmelo Uççino eýeledi. Suratda ýokardan suw dökülýän wagty ilkinji toý tansyny ýerine ýetirýän jübüt görünýär.

şu gün 20:25
2k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

şu gün 20:19
2.7k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

şu gün 19:55
2.2k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

şu gün 16:49
1.3k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......