Makoleý Kalkin Golliwudyň Şöhrat Bagýodasynda şahsy ýyldyzyny aldy

  • 05.12.2023 12:04
  • 14k+

«Öýde ýeke özi» dilogiýasynyň ýyldyzy Makoleý Kalkin Golliwudyň Şöhrat Bagýodasynda şahsy «ýyldyz» aldy. Dabara 1-nji dekabrda Los-Anjelesde geçirildi.

Kalkini goldamak üçin onuň kärdeşleri — Kewiniň ejesi MakAllisteriň keşbini ýerine ýetiren Ketrin O’Hara, Nataşa Lion (“Matrýoşkanyň durmuşlary”), Peris Jekson, şeýle hem erkek dogany Rori we aýal dogany Kuin dagy geldi.
Aktýor ýygnananlara minnetdarlyk bildirdi we esasanam, aýaly Brenda Songyň goşan goşandyny belläp geçdi:

“Sen meniň dünýe barym ... Sen şu gün mendenem bagtly ýeke-täk adamsyň. […] Sen maňa ähli maksatlarymy kesgitläp berdiň, maňa maşgala bagtyny eçildiň we iki oglumyz dünýä inensoň, meniň ezizleýän üç adamymyň birine öwrüldiň”.

Kalkiniň ýyldyzy tertip boýunça 2765-nji boldy.

düýn 17:04
1.9k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....