Germaniýanyň milli ýygyndysy futbol boýunça ýetginjekleriň arasynda dünýä çempionatynda ýeňiji boldy

  • 05.12.2023 11:52
  • 8.2k+

17 ýaşa çenli oýunçylaryň arasynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň final duşuşygynda Germaniýanyň milli ýygyndysy Fransiýanyň milli ýygyndysyndan üstün çykdy. Ýaryş Indoneziýada geçirildi.

Duşuşygyň esasy wagty 2:2 hasabynda tamamlandy. Germaniýanyň milli ýygyndysy 2:0 hasabynda öňe saýlansa-da, fransuzlar hasaby deňlemegi başardylar. Penalti urgulary tapgyrynda nemesler garşydaşlaryndan has üstün geldiler – 4:3.
Bäsleşigiň bürünç medalynyň eýesi Maliniň  milli ýygyndysy boldy. Üçünji ýer ugrundaky oýunda malililer Argentinyň milli ýygyndysyny ýeňmegi başardylar (3:0).
Ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatyna 24 topar gatnaşdy. Soňky gezek 2019-njy ýylda Braziliýanyň topary bu ýaryşda ýeňiji bolupdy. Germaniýanyň milli ýygyndysy bu ýaryşda ilkinji gezek ýeňiji boldy.


düýn 21:08
2.9k+

Dani Karwahal 13 ýyldan soň «Real» bilen hoşlaşýar

Çempionlar ligasynyň alty gezek ýeňijisi, ispaniýaly goragçy Dani Karwahal möwsüm tamamlanandan soň, Madridiň «Realyndan» gider. Bu barada futbol klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....

düýn 00:06
5.3k+

«Benfika» Mourinýu bilen ligadaky möwsümi asla utulman tamamlady, ýöne titul almady

Lissabonyň «Benfika» topary baş tälimçi Žoze Mourinýunyň ýolbaşçylygynda 2025/2026 möwsümini Portugaliýanyň çempionatynda ýekeje gezek hem utulman tamamlady we Ýewropada öz ýurdunda şeýle netije görkezen......

17.05.2026 20:11
3.5k+

Habi Alonso «Çelsiniň» baş tälimçisi wezipesine bellendi

Habi Alonso 1-nji iýuldan başlap Londonyň «Çelsi» futbol klubunyň baş tälimçisi bolar. Klubuň metbugat gullugy ispaniýaly hünärmen bilen dörtýyllyk şertnama baglaşylandygyny resmi taýdan yglan etdi....

16.05.2026 20:02
11k+

«Ýyldyz bolup geldiň – rowaýata öwrülip gidýäň». Robert Lewandowski «Barselonadan» gidýär

Polşaly hüjümçi Robert Lewandowski şu möwsüm tamamlanandan soň, «Barselonany» terk etjekdigini mälim etdi....