Apple hususy 5G modemini döretmek pikirinden ýüz öwrer

  • 03.12.2023 16:02
  • 4.6k+

«Apple» tehniki kynçylyklar sebäpli hususy 5G modemini işläp düzmek pikirinden ýüz öwrüp biler.

«Apple» kompaniýa 2019-njy ýylda «Intel-iň» modem işewürligini satyn aldy, ýöne hususy çipini bellenen möhletde çykaryp bilmedi. Bellenilmegine görä, «Apple-iň» modeminde aşa gyzmak we pes öndürijilik ýaly köp sanly tehniki kynçylyklar ýüze çykýar. Bu bolsa kompaniýany hususy modemi bilen üpjün edilen ilkinji smartfonynyň çykaryljak senesini 2023-nji ýyldan 2025-nji ýyla çenli ýa-da 2026-njy ýylyň başynda yza süýşürmäge mejbur etdi.
Görnüşe görä, «Apple» «Qualcomm» bilen hyzmatdaşlygyny dowam etdirer we bu kompaniýa bilen täze uzak möhletli şertnama baglaşar.
Hususy 5G modemi bilen üpjün edilen ilkinji enjamyň ýakyn wagtda çykjak dördünji nesil «iPhone SE» bolmagyna garaşylýardy. Şeýle hem smartfonyň «iPhone 14-iň» stilindäki döwrebap dizaýna eýe boljakdygy we onda «Touch ID»  ulgamynyň ornaşdyrylmajakdygy bellenilýär.


07.05.2026 21:13
2.9k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.2k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...