Netflix smartfonlar üçin niýetlenen GTA oýnuny çykarar

  • 03.12.2023 16:00
  • 7.2k+

«Netflix» we «Take-Two» diňe onlaýn kinoteatryň abunaçylary üçin niýetlenen nusgawy «GTA» oýnunyň ykjam nusgalaryny çykarmak barada şertnama baglaşdylar. Bu barada «Netflix-iň» web sahypasynda habar berilýär.

14-nji dekabrdan başlap, akym hyzmatynyň abunaçylary ykjam enjamlarda «GTA III», «Vice City» we «San Andreas» oýunlarynyň kämilleşdirilen nusgalaryny öz içine alýan «Grand Theft Auto The Trilogy Definitive Edition» oýnuny oýnap bilerler. Olar «Android» we «iOS» bilen işleýän enjamlarda elýeterli bolar.
Oýunlar «Netflix» ykjam goşundysyndaky ýörite bölümde ýa-da resmi «App Store» we «Google Play» dükanlarynda elýeterli bolar. «GTA The Trilogy» oýnuny işe girizmek üçin işjeň «Netflix» abunalygy we durnukly internet birikmesi gerek bolar.
Oýun dolandyryşynyň sensorly ekranlar üçin kämilleşdirilendigi bellenilýär. Grafika kompýuter we konsol nusgalary bilen deňeşdirilende kiçeldilendir.
«Netflix» we «GTA-ny» dörediji «Take-Two» şertnamanyň maliýe şertlerini aýan etmediler, ýöne munuň hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ädimdigini belläp geçdiler.


15.05.2026 11:36
2.2k+

Netflix Adam Sendler bilen «Synpdaşlar-3» komediýasynyň üstünde işläp başlady

Netflix platformasy baş keşbi Adam Sendleriň ýerine ýetirmeginde meşhur «Synpdaşlar-3» komediýasyny çykarar. Täze filmiň tutumy barada Hollywood Reporter neşiri habar berdi....

14.05.2026 17:28
5k+

«Kagyz jaý» serialynyň täze dowamy bolar

Netflix platformasy «Kagyz jaý» (Бумажный дом / La Casa de Papel) sagasynyň wakasynyň dowam etjekdigini habar berdi, ýöne täze taslama barada giňişleýin maglumat entek ýok....

23.04.2026 21:04
2.2k+

Netflix «Çarli şokolad fabrigine garşy» atly multfilmi çykarar

Netflix striming hyzmaty Roald Dalyň eserleriniň esasynda döredilen «Çarli şokolad fabrigine garşy» («Чарли против шоколадной фабрики») atly täze animasion filmini tanyşdyrdy. Bu barada Variety neşiri habar......

19.04.2026 14:19
2.6k+

Netflix-iň esaslandyryjysy Rid Hastings 30 ýyla golaý işläninden soň kompaniýadan gidýär

Netflix striming hyzmatynyň esaslandyryjysy Rid Hastings müdirler geňeşiniň başlygy wezipesiniň möhleti tamamlanandan soň, iýun aýynda kompaniýadan gider....