Iň gowy ekrany we ses ulgamy bolan noutbuk saýlandy

  • 03.12.2023 15:53
  • 5.4k+

«Apple M3 Pro» çipi bolan «MacBook Pro 14» «DxOMark» tarapyndan synagdan geçirilip, iň gowy ekrany we ses ulgamy bolan noutbuk hökmünde ykrar edildi.

Synaglaryň dowamynda «DxOMark-yň» hünärmenleri noutbugyň ekranynyň, web-kamerasynyň we dinamikleriniň hilini barladylar. Şeýlelikde, «MacBook Pro 14» öz derejesinde iň gowy ekranlaryň biri bilen üpjün edilip, ol giň reňk öwüşginleri we ýokary ýagtylygy bolan HDR görnüşli wideony görkezmäge ukyplydyr. Mundan başga-da, ekranda ýagtylygy pes şöhlelendirip, okamak mümkinçiligini gowulandyrýar.
Noutbugyň web-kamerasy gowy ýagtylandyrylan sahnalarda detallary aýdyň şekillendirýändigi we daşarky gohlaryň pes eşidilýändigi üçin ýokary bahala aldy. Wideo jaňlary wagtynda sesiň iki tarapdan hem ýokary hilli çykýandygy anyklandy. Noutbugyň dinamikleri giň ses ulgamyna we giňişlikde ýaňlanmak ukybyna eýedir.
Şeýle-de bolsa, synag «MacBook Pro 14-iň» käbir kemçiliklerini ýüze çykardy. Çylşyrymly ssenariýalarda kameranyň reňkleri şöhlelendirişi tebigy däldi, mono režiminde ses ýazgysy sözleriň düşnükliligini peseldýärdi. Sesiň äheňini peseltmek hem sesiň hiline ýaramaz täsir edýär.
Synagyň netijelerine görä, «M3 Pro» çipi bolan «MacBook Pro 14» 148 ball aldy we umumy sanawda birinji orny eýeledi. Bu öňki modelden 1 ball köpdür. Enjam wideo we ses üçin 154 ball, wideo jaňlary üçin bolsa 142 ball gazandy.


11.04.2026 14:59
7.8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.2k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.2k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...