Redmi 5 minutda 600 müň Redmi K70 smartfonyny satdy

  • 02.12.2023 18:27
  • 10k+

Redmi 1-nji dekabrda K70 smartfonlarynyň satuw netijelerini çap etdi. Görlüp oturylsa, bary-ýogy bäş minudyň içinde smartfonlaryň 600 müň sanysy satylypdyr.

Bu ýöne bir köp däl, eýsem, juda köp zat: Redminiň özüniň sözlerine görä, K70 smartfonlarynyň satuwy K60 smartfonlarynyň satuwyndan iki esse ýokary boldy.
Hytaýda täze Redmi smartfonlarynyň satuwy 1-nji dekabrda ýerli wagt bilen ir sagat 10-da başlandy. Ýatlatsak, bu hatara Redmi K70E, Redmi K70 we Redmi K70 Pro girýär. Redmi olar bilen birlikde Redmi Watch 4 akylly sagadyny we Redmi Buds 5 Pro simsiz gulaklyklaryny hödürledi.


06.02.2026 09:00
1.3k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.1k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...

16.01.2026 08:10
3.8k+

Xiaomi 17 Pro we Pro Max modelleriniň aktiwleşdirilen sany bir milliondan geçdi

Xiaomi-niň täze flagmanlary bolan Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlarynyň her biriniň aktiwleşdiriliş sany bir millionlyk sepgitden ýokary geçdi. Bu barada hytaýly meşhur insaýder "Digital Chat Station" habar berdi...

10.01.2026 10:30
2.9k+

Xiaomi täze Redmi Note 15-iň berkligini göni ýaýlymda synagdan geçirer

Xiaomi kompaniýasy Redmi Note 15 smartfonynyň berkligini subut etmek üçin ony göni ýaýlymda ýörite synaglara sezewar eder. «Titan tough» (Titan berkligi) şygary astynda geçiriljek bu täsin görkeziliş 10-njy ýanwarda Aşgabat wagty bilen sagat 13:00-da X (ozalky Twitter) sosial torunda başlanar...