Dünýädäki milliarderleriň sany ýedi göterim artdy

  • 02.12.2023 17:46
  • 21k+

Bütin dünýäde milliarderleriň sany 2022-nji we 2023-nji ýyllar aralygynda 2376-dan 2542-ä çenli, ýagny 7% ýokarlandy we olaryň baýlygy 11 trillion dollardan 12 trillion dollara çenli — 9% ýokarlandy.

Bu barada Şweýsariýanyň UBS bankynyň web sahypasynda çap edilen "2023-nji ýylda milliarderleriň ambisiýalary" atly hasabatda aýdylýar.

“Bütin dünýäde milliarderleriň baýlygy, geçen 12 aýda 20% töweregi pese gaçandan soň, Ýewropadaky sarp edijiler we bölek söwda çygrynda işleýän milliarderleriň hasabyna 2022/2023-nji ýyllarda bölekleýin dikeldildi. Umuman aýdanyňda, geçen ýyl dünýäde milliarderleriň sany 7% artyp, 2376-dan 2542-e çenli köpeldi we baýlygy 11 trillion amerikan dollaryndan 12 trillion amerikan dollaryna çenli 9% ýokarlandy "- diýip resminamada aýdylýar.
"Şu ýylky hasabatda geçen ýyl baýlyk toplan milliarderleriň köpüsiniň baýlygyny telekeçiligiň hasabyna däl-de, miras arkaly toplandygy anyklandy. Bu temany geljek 20 ýylda has köp göreris diýip garaşýarys, sebäbi müňden gowrak milliarder öz çagalaryna 5,2 trillion dollar geçirýär"-diýdi.

Şweýsariýanyň UBS-si, Credit Suisse -ni alany bäri, dünýäde 5,5 trillion dollarlyk emlägi dolandyrýar.

düýn 21:59
986

Dünýäniň wideooýun bazary ilkinji gezek 200 mlrd dollardan geçdi

Dünýäniň wideooýun bazary 2025-nji ýylyň jemleri boýunça taryhda ilkinji gezek 200 milliard dollar çäginden geçdi....

20.06.2026 10:45
3.4k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

20.06.2026 09:49
2.1k+

Bosch Huawei-ä enjam üpjünçiligi üçin ABŞ-na 36 million dollar jerime töleýär

Germaniýanyň Robert Bosch kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetleri bilen dawa-jenjelleri çözmek boýunça ylalaşyk baglaşdy. Ylalaşyga laýyklykda, kompaniýa 36 million dollar möçberinde jerime tölemäge borçlandy....

19.06.2026 14:20
2.9k+

Tim Kuk Apple önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy

Apple kompaniýasynyň baş direktory Tim Kuk ýat we saklaýjy çipleriň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli kompaniýanyň önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy....