Spotify 2023-nji ýylyň iň gowy 10 aýdymçysyny, aýdymyny, albomyny belli etdi

  • 02.12.2023 15:36
  • 5.2k+

Spotify aýdym-saz striming hyzmaty ýylyň jemini jemledi. Ol strimingiň saýtynda hödürlendi diýip, rbc.life.ru habar berýär.

Ýylyň iň gowy aýdym-saz ýerine ýetirijileriniň reýtinginde birinji orny Teýlor Swift eýeledi. Ikinji orunda Bad Bunny ýerleşdi. Ilkinji bäşlige The Weeknd, Drake we Peso Plýuma hem girdi. Olaryň yzyndan Feid, Travis Scott, SZA, KAROL G we Lana Del Reý gelýär.
2023-nji ýylyň iň meşhur aýdymy Maýli Saýrusyň “Flowers” aýdymy boldy. Ikinji orny SZA-nyň “Kill Bill”, üçünji orny Garri Staýlsyň “As It Was” aýdymy eýeledi. Liderleriň bäşliginde günorta koreýaly ýerine ýetiriji Çon Jongukyň “Seven”, Eslabon Armado toparynyň we meksikaly aýdymçy Peso Plýumanyň “Ella Baila Sola” aýdymy hem orun aldy.
Reýtingiň yzyny Teýlor Swiftiň “Cruel Summer” hem-de The Weeknd we repçi 21 Savage tarapyndan dijeý Metro Boomin bilen ýazylan “Creepin” aýdymy dowam etdirýär. Sekizinji orunda nigeriýaly repçi Rema bilen Selena Gomesiň “Calm Down” kompozisiýasy, dokuzynjy orunda Şakiranyň we argentinaly dijeý Bizarrap-yň “Shakira: Bzrp Music Sessions, Vol. 53” aýdymy ýerleşdi. Onlugy Teýlor Swiftiň “Anti-Hero” aýdymy jemleýär.
Ýylyň iň gowy albomlarynyň sanawynda birinji orny repçi Bad Bunny-nyň Un Verano Sin Ti albomy eýeledi. Ikinji orunda Teýlor Swiftiň Midnigts, üçünji orunda SZA-nyň SOS albomy ýerleşdi. Dördünji orun – The Weeknd-den Starboy, bäşinji orun – KAROL G-den MAÑANA SERÁ BONITO. Soňra dowam edýär – Morgan Uolleniň One Thing at a Time, Teýlor Swiftiň Lover, Metro Boomin-iň HEROES & VILLAINS, Peso Plýumanyň GÉNESIS albomy. Sanawy Garri Staýlsyň Harry’s House albomy jemleýär.

düýn 17:04
1.9k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....