Täze Zelandiýada mekdeplerde ykjam telefonlar gadagan ediler

  • 02.12.2023 15:32
  • 5.5k+

Täze Zelandiýanyň häkimiýetleri ýurduň ähli umumy bilim berýän mekdeplerinde ykjam telefonlaryň ulanylmagyny doly gadagan etmekçi bolýarlar. Bu barada onuň premýer-ministri Kristofer Laksona salgylanyp, TASS habar berýär.

“Biz Täze Zelandiýadaky mekdeplerde ykjam telefonlary gadagan etmekçi bolýarys. Bu bilimde örän gowy netijeleri berýän öňden bäri bar bolan tejribe” – diýip, Lakson žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda aýtdy we ýurtdaky käbir mekdepleriň şeýle karary eýýäm özbaşdak kabul edendiklerini we “gowy netijäni görendiklerini” belledi.
Şeýle-de, Lakson ýurduň täze hökümetiniň “mekdepleri okuwçylaryň akademiki üstünliklerine gönükdirýän hökmany bilim ülňülerini girizmekçidigini” habar berdi we jyns terbiýesi boýunça mekdep maksatnamasyna täzeden serediljekdigini” aýtdy. “Bize hünärmenler tarapyndan ylalaşylan we mazmunynyň çaganyň ýaşyna laýyklygyny kepillendirýän okuw maksatnamasy gerek. Şeýle-de, ene-atalaryň hem bu barada bilmegi we şeýle okuwdan ýüz öwürmek mümkinçiligine eýe bolmagy-da möhümdir” – diýip, ol aýtdy.

Täze Zelandiýada parlament saýlawlary 14-nji oktýabrda geçirildi. Olaryň netijesi boýunça, has köp ses alan Milli partiýa (TZMP) ýurduň täze hökümetini döretdi. Onuň ýolbaşçysy Täze Zelandiýanyň 42-nji premýer-ministri bolan TZMP-niň lideri Lakson boldy.


düýn 07:32
2.8k+

Ýaponiýada mekdep okuwçylary üçin «okuw rugsady» girizildi

Ýaponiýanyň Okinawa prefekturasynda köp mekdepler okuwçylara maşgalasy bilen wagt geçirmekleri üçin ýylda birnäçe gün «okuw rugsadyny» almaga rugsat berýän maksatnamany ornaşdyryp başlady. Bu barada «The Japan......

08.06.2026 23:01
2.6k+

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-da durnukly ösüşiň bähbidine iň gowy taslamalar sylaglandy

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde......

02.06.2026 20:35
4k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

02.06.2026 19:33
6.7k+

Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okuw tölegleri bir ýylda 10,7% gymmatlady

Russiýanyň uniwersitetlerinde okuw tölegleri bir ýylyň dowamynda ortaça 10,7% ýokarlandy. Bu barada Russiýanyň Ylym we ýokary bilim ministrliginiň maglumatlaryna salgylanyp, «Kommersant» gazeti habar berýär....