Realme 5 ýylda 200 mln smartfon satdy

  • 01.12.2023 15:33
  • 4.7k+

Hytaýyň «Realme» korporasiýasy 200 million smartfonyň satylandygyny habar berdi.

Kompaniýanyň berýän maglumatlaryna görä, bu üstünlik kompaniýa döredilenden bäş ýyl geçensoň gazanyldy. «Realme» Hytaýyň «BBK Electronics» korporasiýasyna degişlidir, şeýle hem ol «Oppo» we «Vivo» smartfonlarynyň öndürijilerine-de eýeçilik edýär.
Bellenilmegine görä, diňe bäş kompaniýa «Realme-den» has çalt 200 million smartfon satmagy başardy. Olar «Vivo», «Huawei», «Samsung» we «Apple» kompaniýalarydyr. 2023-nji ýylyň ahyryna çenli dünýäde diňe 14 sany smartfon öndürijisi 200 milliondan gowrak enjamyny bazarda ýerlemegi başardy.

«Soňky bäş ýylda dünýäniň iň gowy 10 brendiniň birine öwrülendigimize diýseň buýsanýarys» diýip, «Realme» korporasiýasynyň marketing boýunça müdiri Sýuý Si belledi. Şeýle hem kompaniýanyň baş menejeri «Realme-niň» bazarda 700-e golaý smartfon brendi bar wagtynda ýüze çykandygyny aýtdy. Häzirki maglumatlara görä, 2023-nji ýylda bazarda 250-ä golaý smartfon brendi hasaba alyndy.

şu gün 20:25
2k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

şu gün 20:19
2.7k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

şu gün 19:55
2.2k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

şu gün 16:49
1.3k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......